Umyt onuň bagt guşudy...
Umyt adama Wagty ýeňip geçmäge kömek berýär. Wagty bolsa diňe onuň bilen aýakdaş gidip, ondan galman, onuň bilen gapdallaşyp gidip ýeňip bolýar, şu hili herekete-de ýaşaýyş diýilýär. Togtamak, ýagny Wagtdan galmak ölümi aňladýar. Külli älem ýaşaýşy ýaryşdyr. Her bir zat Wagt bilen ýaryşýar. Bu ýaryşda togtamak diňe bir zady - ölümi aňladýar. Ynsan üçin ölüm - Wagt bile Giňişligiň biri-birinden aýrylyşmagydyr. Wagt adamy diňe Giňişligiň erkine berende, diri ynsan jansyz jesede öwrülýär. Ynsan üçin Wagt akmasyny goýýar. Wagtdan galmak jandan mahrum bolmakdyr.
Bu darkaşda adamyň iň uly ýaragy - serişdesi bolsa umytdyr. Dünýäde hiç zat ýok, diňe umyt bar. Ahyretde hiç zat ýok, diňe iman bar. Adamyň umydyny elinden al - ol şobada janly jesede öwrüler. Allanyň öňünde edilýän iň soňky günä - umytsyzlyga düşmekdir...
Osman Öde "Altynjan Hatyn" kitabyndan ....