jemal_seyitniyazowa
09.11.2022 14:21
Tikinçi gyz.

Sen saýlap bilipsiň gözel hünäri
Elleriňden dür dökülýär enaýy
Ýadaman tikýärsiň köýnek ýakany
Tikinçi gyz, hünäriňe döneýin.
🦋
Gözelligňe görk goşýarsyň görenleň
Haýranyň seň eden işiň görenler
Ýadanokmy barmaklaryň hem elleň
Tikinçi gyz, elleriňe döneýin.
🦋
Sen höwesli ýapyşýarsyň işiňe
Beýle hünär berilenok herkime
Goý mert ýigit ýazylsyn seň bagtyňa
Tikinçi gyz, gül keşbiňe döneýin.
🦋
Wagt tapyp goşgularmam okaýaň
Keşde çekip, ýene halam dokaýaň
Bölek matalardan köýnek ýasaýaň
Tikinçi gyz, gözelligňe döneýin.

Awtory: Näbelli..
32
166
butterfly
9 Noýabr 2022
👍👍👍👍👏🏻
Myhman Myhman
9 Noýabr 2022
// _*_ // . Google chat ýaşyl reñkde bolýar .
Myhman Myhman
9 Noýabr 2022
//_*_ // . Hä bolýa bolýa häzir ýazdym ynha .
jemal_seyitniyazowa
9 Noýabr 2022
Myhman Myhman, wah men düşünüp bilemok ol zatlara Gmailym bar bolsa yazay onnaň düşünşers
Myhman Myhman
9 Noýabr 2022
// _*_ // . Gmailyñda chat ýokmy ?
jemal_seyitniyazowa
9 Noýabr 2022
Myhman Myhman, Gmaildan ýazaý howa google çat ýok mende
Myhman Myhman
9 Noýabr 2022
//_*_ // . Señ gmailyñ bolmaly mende häzir şondan ýazaryn bärde soraman . Google chat barmy sende öñ ýok diýipdiñ welin 🤔
jemal_seyitniyazowa
9 Noýabr 2022
Myhman Myhman,salam gowy gowymy özüňem howa tanadymm🤗 diňleýän
Myhman Myhman
9 Noýabr 2022
// _*_ // . Salam Jemal nähili gowumy ýagdaýlaryñ . Tanadyñmy meni ? Senden sorajak öwrenjek zatlarym bardyda .
atakulyyewa_humay
9 Noýabr 2022
Mlds 👍👍🐨
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.