Ýaşlyk gözelligi görüp bilýänligi üçin hem bagtlydyr. Gözelligi görüp bilmek ukybyny ýitirmedik adam bolsa, hiç haçan garramaýar.
Frans Kafka.
Otuz ýaşandan soňra her bir beden öz şahsy garaýyşlaryna eýe bolýar.
Bette Milder.
Kämilleşmek üçin ynsan tarapyndan tölenilýän iň uly töleg — onuň ýaşlygydyr.
Tom Stoppard.
Durmuşdaky kynçylyklaryň ählisi bir wagtda — garrylykda adamyň üstüni basýar.
Ralf Uoldo Emerson.
Ýaşynyň ýigrimi ýa-da segsenliginiň tapawudy ýok, öwrenmegi bes eden adam garrap başlaýar. Gözlegini hemişe dowam edýän adam bolsa, ýaşlygyny hiç wagt ýitirmeýär.
Genri Ford.
Uly adamlar ýaly öz-özüni dolandyrmaga, wagtyndan öň ulalmaga synanyşýan ýetginjek gaty köp zatlardan mahrum bolýar.
Margaret Mid.
Çekinjeňlik ýaşlygyň bezegi ýaly görnüp biler, emma ol, aslynda, garrylyga tarap ädilen ilkinji ädimdir.
Aristotel.
Ýaş wagtyň günler gysga, ýyllar uzyn, garrylykda bolsa, günler uzyn, ýyllar juda gysgajykdyr.
Robert Forst.
Biz haçan-da öz isleglerimizden ýüz öwrenimizde garraýarys.
Samuel Uelman.
Garrylyk garaşylyşy ýaly assa-ýuwaşdan däl-de, birden peýda bolýar.
Emili Dikinson.
Gözelligiň betbagtlygy — tüçjar bolup doglup, wagt geçdigiçe garyplaşmagydyr.
Jon Kollins.