ay_kiz_
08.11.2022 02:32
Meşhur kino artisti, kompozitory we kinematografy Çarlz Spenser Çaplin sessiz kinolary bilen tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolan. Ol özüniň “Sergezdan” kinosyndaky keşbi bilen kino dünýäsinde we tomaşaçylaryň aňynda mynasyp orny eýeledi.

Çaplin 1889-njy ýyylyň 16-njy aprelinde Londonda dogulýar. Ol çagalygynda köp kynçylyga duş gelýär. Onuň kakasy aradan çykanda, oňa heniz aýagam bitmändi. Şonuň üçin hem ol çagalyk ýyllaryndan başlap işlemeli bolýar. Haçanda ol 14 ýaşyna ýetende onuň ejesi ýarawsyzlanýar. Çarlz we dogany Londonyň köçelerinde köpçüligiň öňünde aýdym aýdyp, tans edip, şowhun görkezip, öz güzeranlaryny dolaýarlar.

“Fred Korno” kompaniýasynyň işe çagyrmagy bilen, ol 19 ýaşynda Amerika gidýär. 1914-nji ýyllarda “Keystone Sudios” kompaniýasynda işläp başlaýar. Ýarym ýylyň içinde “New York Motion” kompaniýasy çykyşlarynda Çarlzyň başarjaňlygyna göz ýetirip, ony işe çagyrýar. Ýöne onuň “Keystone Studio” bilen 1914-nji ýyla çenli ylalaşygy bardy. Ol diňe bir işlemän, eýsem kino düşürmegi hem öwrenýärdi. Ol “Durmuş üçin gazanmak” atly kinony 1914-nji ýylda düşürýär we halk köpçüliginiň arasynda meşhur bolýar. Ol bu filmde öz keşbiniň geýnişini halamaýar. Şonuň üçinem indiki “Mabeliň täsin kynçylyklary” kinosyndaky keşpde geýjek eşiklerini özi saýlaýar we ol barada şeýle diýýär: “Men eşiklerimiň adaty eşiklerinden üýtgeşik bolmagyny isledim: giň balak, dar penjek, kiçijik papak we uly köwüş. Kiçijik murty ýaşymyň kiçiligini bildirmezlik üçin goýdum. Oýnamaly keşbim hakynda hiç zat bilemokdym, emma haçanda geýnenimde, eşikler we ýüzüme berlen timar maňa özümi şol keşbe salmaga kömek etdi. Men ony tanap başladym we onuň hut özi bolup sahna çykdym”.
1915-nji ýylda Çaplin medeniýetiň öçmez ýyldyzyna öwrülýär. Dükanlarda Çapliniň harytlary satylyp başlanýar. Ol multifilmlerde, gülküli sahnalarda meşhur bolup başlaýar. Çaplin hakynda aýdymlar ýazylyp başlanýar. Tomaşaçylar Çarlz Çapliniň “Sergezdan” keşbini gyzgyn garşylaýarlar. Muny aňan aktýor hemme oýnaýan kinolarynda şol keşbiň aýratynlyklaryny saklamaga çalyşýar. Onuň bu pikirleri Çapliniň ýolbaşçysy Mabel Normand tarapyndan goldanylmaýar. Ýöne Sennet atly işgäriň haýyşy bilen ol saklanyp galýar. Çarlz özbaşdak kino düşürmäge rugsat berilse, galjagyny, kino şowly çykmadyk ýagdaýynda, hemme harajatyny özi tölejekdigini aýdýar. 1914-nji ýylyň maýynda onuň täze filmi peýda bolýar. “Ýagyşda tutulan” diýen at bilen düşürilen bu kino örän şowly bolýar we oňa “Keystone” kompaniýasynyň gysga kinolaryny düşürmäge mümkinçilik berilýär. Ol kinolarda “Keystone” kompaniýasynyň usullary bilen öz pikirlerini utgaşdyrýar we bu ummasyz tomaşaçylary gazanmaga ýol açýar. Şeýle hem ol başga kompaniýalaryň filmlerinde surata düşmek üçin birnäçe şertleri goýýar. “Essenay Film Manufacturing” kompaniýasy onuň talaplaryny berjaý etmäge razy bolup, oňa çakylyk ugradýar. Çaplin ylalaşyga gol çekip, “Gije daşarda”, “Ýeňiji”, “Bank”, “Egniň elleri”, “Itiň durmuşy” diýen kinolara düşýär.

Köp ýyllardan soň onuň “Şäher çyralary” atly kinosy çykýar, ýöne ol bu filmini köneçillik bolar öýdüp, halk köpçüligine ýetirmäge ikirjiňlenýär. 1931-nji ýylda meşhur ýyldyz Çarli Çaplin kinematografiýany goý bolsun edip, dünýä syýahata ugraýar. Ol 1932-nji ýylda kino düşmek islegi bolmasa-da, syýahat barada senariýa ýazmaga başlaýar. 1955-nji ýylda käbir sebäplere görä, ol Şwesariýa göçýär. Uzak arakesmeden soňra, 1957-nji ýylda “Nýu Ýorkdaky patyşa” diýen filmi çykýar. Täze film Çarlz Çapliniň Amerikadaky duş gelen meseleleri baradady. Täze kino Amerikada 1973-nji ýyla çenli görkezilmeýär.
1959-njy ýylda meşhur kino ýyldyzynyň 70 ýaşynyň dolmagyna bagyşlap “Itiň durmuşy”, “Egniň elleri” we “Piligrim” diýen kinolaryny täzeden işleýärler. 1963-nji ýylda Çaplin “Meniň awtobiografiýam” atly kitaby ýazýar. Soňra reňkli ekranlar üçin kino düşürip başlaýar.

Ol 1977-nji ýylyň dekabr aýynda aradan çykýar.
19
237
sahet_ashyrov
8 Noýabr 2022
Malades guycli adam
ebru
8 Noýabr 2022
Özem gülkünç Çarli Çaplin😁
lalahan
8 Noýabr 2022
👍👍👍
anna_77
8 Noýabr 2022
👍❤️👍❤️👍❤️👍👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.