ay_kiz_
07.11.2022 20:37
Gazanmagyň gadyry
7-nji synpy göreldeli bahalar bilen tamamlan ýetginjek munuň üçin ene-atasynyň özüni oňatja sylaglamalydygyny pikir edipdir. Şu maksat bilen kakasynyň ýanyna baryp, synpdaşlarynyň ählisinde welosipediň bardygyny, özünde bolsa ýokdugyny ýaňzydyp, ony satyn alyp bermegini talap edipdir. Kakasy: «Işle-de özüň al» diýip jogap beripdir. Beýle jogaba garaşmadyk ýetginjek näme diýjegini hem bilmän galypdyr.

Kakasy ýanlaryndaky dükandan bir bedre limon alypdyr-da, şulary satyp gazanan puluňa welosiped alyp boljakdygyny aýdypdyr. Ýetginjek bu hadysa juda gaharlanypdyr. Onda-da syr bildirmän, razy bolupdyr. Ertesi gün bazara çykyp, limonlary satmaga başlapdyr. Her gezek tanyş-bilişlerini görende utanjyndan ýüzi çym gyzyl bolupdyr. Synpdaşlary ýetginjegiň limon satýandygyny eşidip, oňa kömege gelipdirler. Her haýsy on-ondan limon satyşypdyrlar.

Birnäçe hepdeden soň, limonlaryny satyp gutaran ýetginjek toplan pullaryny getirip, kakasynyň öňünde goýupdyr-da: «Git-de maňa welosiped alyp ber» diýip, gaharly ýagdaýda çykyp gidipdir. Kakasynyň özüni beýle güne salanyna entegem düşünip bilmän, ondan öýkeli gezipdir. Kakasy oňa iň döwrebap welosipedi alyp beripdir.

Wakadan ençeme ýyl geçensoň, ol limon satyp gazananja puluna welosiped-ä beýle-de dursun, onuň pedalyny hem alyp bilmejegine göz ýetiripdir. Kakasynyň bildirmän, gazanjyň hem yhlasyň gadyryny öwretmek isländigine-de şonda düşünipdir. Gaýdybam kakasyndan pul soramandyr. Bir zat satdyrmagyndan gorkusyna däl, gazanmagyň gymmatyna göz ýetirendigi üçin.
12
153
atakulyyewa_humay
8 Noýabr 2022
👍👍🐨
Marýam
8 Noýabr 2022
Bitter, Giçden giç ýagşy ☺
Девушка.
7 Noýabr 2022
👍👍👍.
unknown_12
7 Noýabr 2022
Созине сагбол👍👏довам
Archi
7 Noýabr 2022
Gowy post haladym...❤dowamly bolsyn...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.