Dusia
07.11.2022 19:13
Ateroskleroz dowamly arterial kesel bolup, damar ölüminiň esasy sebäplerinden biridir. Bu kesel, köplenç dokumanyň kämilligini peseldip bilýän tunika intimasynda lipidiň saklanmagy bilen ýüze çykýar. Ateroskleroz köp ugurly kesel bolup, takyk etiologiýasy belli däl. Giperkolesterolemiýa, gipertoniýa we süýji keseli ýaly birnäçe faktor aterosklerozyň emele gelmeginde möhüm rol oýnaýar. Aterosklerozyň alamatlary we täsir edýän organ ulgamyna we agyrlygyna baglylykda üýtgeýär. Aterosklerozyň haýsy arteriýalara täsir edýändigine baglylykda koronar arteriýa keseli , karotid arteriýa keseli, periferiýa arteriýa keseli , böwrek arteriýa keseli we aorta anewrizmi ýaly dürli görnüşler bar .

Koronar aterosklerozda hassalar döş agyrysyndan we kynçylyklar bar bolsa ýüregiň ýiti alamatlaryndan zeýrenip bilerler. Bu aralykda, koronar aterosklerozda hassalar , aterosklerozyň ýerleşişine baglylykda el-aýak gowşaklygyny, garyn agyrysyny başdan geçirip bilerler. Töwekgelçilik faktorlaryna baha berlende, lipid profilini, glýukoza derejesini we HbA1c gözden geçirip bolýar.

Koronar angiografiýa koronar ateroskleroz diagnozy üçin altyn standartdyr. Şeýle-de bolsa, bu synag invazivdir, şonuň üçin barlag maksady bilen maslahat berilmeýär. Aterosklerozy anyklamak üçin ultrases, koronar kompýuter tomografiki angiografiýa, magnit-rezonans angiografiýasy , damar ultrases, magnit-rezonans tomografiýasy we sintigrafiýa usullary ýaly beýleki gözlegler geçirilip bilner.

Aterosklerozyň esasy bejergisi durmuş ýörelgesini üýtgetmek we näsagyň töwekgelçilik faktorlaryny dolandyrmakdyr. Dislipidemiýa , gipertoniýa we süýji keseli ýaly töwekgelçilik faktorlaryny dolandyrmak keseliň ösmeginiň öňüni almak üçin zerurdyr. Mundan başga-da, näsagyň ýagdaýyna görä antiplatelet bejergisi hem berilip bilner. Lukmançylyk bejergisi näsagyň ýagdaýyny bejerip bilmese, perkutan koronar interwensiýa we koronar arteriýa aýlaw grafasy ulanyp , revaskulizasiýa bejergisi geçirilýär.

Çagalykdan başlanýan we kem-kemden özüni görkezýän bu kesel, gaty çylşyrymly we mekir bir prosesi emele getirýär. Garrylyk bilen özüni görkezip başlaýar. Bu kesel erkeklerde has ýygy duş gelýär. Aýallarda ýüze çykýan hadysalar, estrogen gormonynyň peselmegi bilen baglanyşyklydyr.

Arteriýalaryň daralmagy bilen gan aýlanyş tizligi çäklendirilen ateroskleroz keselinde diwaryň çeýeligini ýitirmegine we gatylaşmagyna sebäp bolýan birnäçe faktor bar:

🔸Ýürek-damar keselleriniň maşgala taryhy
🔸ýokary holesterin
🔸Gipertoniýa
🔸Semizlik
🔸Süýji keseli
🔸Çilim çekmek
🔸Sagdyn iýmitlenmezlik

Aterosklerozyň nämedigi we onuň sebäpleri näme diýen soraga jogap berensoň, ara alnyp maslahatlaşylmaly iň möhüm mesele keseliň alamatlarydyr. Ateroskleroz adatça sessiz-üýnsüz ösýär. Alamatlar, arteriýa diwarynda ýygnanan gan öýjükler we ýag molekulalary tarapyndan emele gelen ateroma nyşanlarynyň ýarylmagyndan soň ýüze çykýar. Şeýle hem çagalykdan başlap, 30 ýaşa çenli ýüze çykýan bu keseliň ep-esli zyýany bar diýmek bolar.

Ilki bilen keseliň alamatlarynyň üýtgeşik däldigini bilmeli. Kesel, ýagny arterioskleroz ýürekde ýüze çyksa, ýürek myşsasy gowşaýar we myşsalar öz işini ýeterlik ýerine ýetirip bilmeýär. Netijede, ýürege ýetýän kislorodyň tizligi peselýär. Ýürekdäki ritm bozulmalary ýaly alamatlary hem berýär. Ondan soň näsagyň ýürek agyry bolmagy gutulgysyzdyr.

Beýnimizdäki arteriosklerozda huşuň ýitmegi, görüşiň ýitmegi we söz bozulmalary bolup biler. Aýak damarlarynyň gatnaşmagynda guruşma, tutgaý görnüşinde alamatlar ýüze çykýar. Ol ýitileşip gangrena getirip biler. Böwrek damarlary gatylaşan ýagdaýynda gipertoniýa we böwrek funksiýalarynyň ýaramazlaşmagy ýüze çykýar.

Ýürek-damar ulgamynyň keselleri birdenkä ýüze çykmaýar. Olar biziň bedenimizde uzak wagtlap dowam eden ýagdaýlaryň netijesidir. Ýaglaryň, aýratyn-da holesterin bilen trigliseridiň ýygnanmagy arteriýa damarlarynyň diwarlaryny galňadyp, artesklerozyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Stenokardiýa, kardioskleroz, miokarditler, miokardioskleroz, ýürek demgysmasy we beýleki ýürek-damar keselleri hem şol sebäpli ýüze çykyp bilýär.

Uzak wagtyň dowamynda şol bir halda oturmak hem ýürek, damarlar we tutuş organizm üçin zyýanlydyr. Oturymly işlerde her sagatdan turup, birnäçe maşklary etmek maslahat berilýär. Köp pyýada ýöremäge çalyşmaly. Günüň dowamynda bäş kilometre golaý aralyk pyýada geçilse, dem alyş ulgamy we ýürek üçin örän peýdalydyr.

Şular ýaly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin iýmitlenmä aýratyn üns bermelidir. Ýüregiň sagdyn bolmagy üçin ýagsyz eti we doýgun bolmadyk ýaglary iýmelidir. Olarda holesterin az bolýar. Ýygy-ýygydan etiň deregine balyk iýiň. Towuk etinde hem holesterin azdyr. Köp iýmejek bolmaly. Azyk rasionynyň köp bölegini gök önümler, ir-iýmişler tutmalydyr. Mümkin bolan ýagdaýynda, olary çigligine iýmäge çalşyň.

Pyrtykal, greýpfrut, limon, noýba, mekgejöwen, oblepiha, garaly, sogan, sarymsak, gül kelem, pomidor, ukrop, deňiz kelemi, kädi, hoz, gawun, greçka, böwürslen, süle, petruşka, zirk, narpyz dagylar damarlary arassalap, atesklerozyň öňüni alýar. Ýürek bozulmalarynyň islendik görnüşlerinde nitrogliserin içmäň-de, derman otlaryndan peýdalanjak boluň. Sebäbi nitrogliserin agyryny köşeşdirýär, derman otlary bolsa bejerýändir. Nitrogliserini kabul edilende köp hereket etmek gadagan edilýär. Derman otlaryny kabul edilende bolsa, tersine, hereketleri artdyrmaly bolýar. Agyrýan ýürek üçin tut miweleri, alyçynyň miweleri we walerýana dagylar iň oňat serişdedir.

Ýürek üçin düzüminde magniý we kaliý bolan azyklar we ösümlik otlary hem örän wajypdyr. Magniý pomidorlaryň, seldereýiň, hozuň, süläniň, erigiň, üzümiň, şugundyryň, badamjanyň düzüminde bardyr. Kaliý erik kişdesiniň, kişmişiň, guradylan garalynyň, hurmanyň, injiriň, petruşkanyň, kelemiň, gara smorodinanyň, ananasyň, bananlaryň we şetdalynyň düzüminde bardyr.

Galyberse-de, sagdyn iýmit bedeniň hemme ulgamlarynyň, şol sanda ýürek-damar ulgamynyň hem gerekli witaminleri kabul etmegine ýardam berýär.

Sagdyn durmuş üçin nerw işjeňligini hem kadalaşdyrmalydyr. Häzirki wagtda adamlar köplenç iş sebäpli ukusyny kemýärler. Emma sagdyn bolmak üçin adam gije-gündiziň dowamynda sekiz sagatdan az ýatmaly däldir. Adam mümkin boldugyndan dawa-jenjellerden, duýgy çekeleşiklerden gaça durmaly.

Gan aýlanyş ulgamynyň keselleriniň köp görnüşleri bar. Bu keseller öz gezeginde başga keselleriň netijesinde ýüze çykýar. Mysal üçin, perikardit (ýürek haltajygynyň sowuklamasy) inçekesel ýokanç keseliniň netijesinde ýüze çykýar. Inçekesel bilen kesellän adam bu keseliň ýüregine ýetirjek zeperini bilip, degişli lukmanlara ýüz tutmalydyr. Şeýle eden ýagdaýynda ol ýürek keselleriniň öňüni alyp bilerdi.
14
221
ArslanYazly
7 Noýabr 2022
Eliñe saglyk!👍
Myhman Myhman
7 Noýabr 2022
👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.