abdy_dayy
06.11.2022 18:47
Fransiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň öňki kapitany Zinedin Zidan Katarda geçiriljek dünýä çempionaty-2022-den soň ýurduň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bolar.

Zidan Fransiýanyň Futbol federasiýasy bilen şertnama baglaşdy we ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesinde Didýe Deşamyň ornuny çalşar. Bellenilişi ýaly, bu çözgüde Fransiýanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatyndaky netijeleri täsirini ýetirmez.
Fransiýalylar häzirki dünýä çempionlarydyr, olar 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji boldular.
Zidan oýunçy bolmak bilen, 1998-nji ýyldaky dünýä çempionatynda we 2000-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynda ýeňiş gazandy. Tälimçi bolup, klub derejesinde Madridiň “Realyna” ýolbaşçylyk etdi. Zidanyň tälimçi bolan döwründe “Real” üç gezek Çempionlar ligasynda, iki gezek Ispaniýanyň çempionatynda, Superkubogynda, UEFA-nyň Superkubogynda, Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy.
Katarda dünýä çempionaty 20-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda geçiriler
41
627
Myhman Myhman
25 Noýabr 2022
Musulman bolup dogulyp son dinini terk eden eshegin namesinden nusga aljak gul yaly adyny uytgeden adamyn
Myhman Myhman
12 Noýabr 2022
𝕄𝕒𝕝𝕒𝕕𝕖𝕤
abdy_dayy
7 Noýabr 2022
.g.jahan,👍🏻👍🏻
.g.jahan
7 Noýabr 2022
Zidany gowy gorÿän işinde diÿjekmi ya maşgalasynda diyjekmi diñe nusga alyp ÿaşalÿan adam molodesss,birem Gwardiollany 👍👍👍
SerdarMyradov
7 Noýabr 2022
like👍👍🐧
YlhamG
6 Noýabr 2022
Kel😁😁👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.