SelimAganov
05.11.2022 13:35
MEN ÖLMEKDEN GORKÝAN
Men ölmekden gorkýan,
Ýaşasym gelýâr.
Synlap bu âlemiñ ýagşy,ýamanyn.
Ýetip bilenlermi ýetime paýlap,
Ýetip bilmedigme dolup damagym.

Men ýagty jahandan gitmekden gorkýan,
Jogapsyz galdyryp ene azabyn.
Entek musulmanlyk parzymam üzmân,
Sesine oýanýan,her gün Azanyñ.


Goý bolsun ýalançy,
Ýaşasym gelýâr.
Aldanasym gelýâr onuñ pâkligne.
Agram berip ýörkâm mele topragna,
Ynanman Watana karzym ýokdugna.

Parzym,karzym belki bahanamdyr meñ,
Men ölmekden gorkýan(isle gülsünler)
Ýöne şeýlerâjik ýaşasym gelýâr,
Ýürek duransoñam dürtüp görsünler,
Soñ-soñlaram şübhelenip ýörsünler...
11
123
ebru_şahin
5 Noýabr 2022
Gowy gosgy👍
perizadym
5 Noýabr 2022
Kerimhally
ideallider
5 Noýabr 2022
Öň bir ahun-piriň aýdany ol ölümden gorkar eken. Haçanda ondan munuň sebäbini soranlarynda "Ol Biribaryň hyzmatynda az boldum" diýip jogaplan. Aslynda ol Biribaryň hyzmatynda bolup ahunlyk-pirlik derejä ýeten👍
jemal_seyitniyazowa
5 Noýabr 2022
😐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.