Bagt bilen sohbet
Bagtym meň ýanyma geldi arada,
Oturdyk,
Gürleşdik durmuş barada.
Maňa gezek berman özi gürledi,
Gürledi:
Gürledi,ýüzi gülmedi,
Maňa diýdi:
-seň ýanyňa kän gelipdim
Barsy ýadyňda gerek?!
Başda çagalygyň bolup gelipdim,
Sen dünýäni duýman gülüp gezipdiň,
Seň ýanyňa ýaşlyk bolup geldim men,
Şol günlerä meň gadrymy bildiň sen.
Soň söýgi donuna girip ýetişdim,
Bir gyzy görkezdim,
Ýandyň,
Tutaşdyň.
Toý tutdyň,
Öý tutdyň,
Ogul gyz berdim-
Şeýdip durmuş ummanyna iterdim,
Dost berdim-
Gamly gün gardaş bolmaga,
Duşman berdim-
Hoş günleri bozmaga,
Özümde bar zadyň berdim baryny,
Sen dymýaňmy?
Ýa-da dünýe dymýamy?
Göreşmäge güýç gaýratyň kem ýaly.
Dostuňa dost,
Duşmanyňa ýaman bol!
Hak iş üçin gerek bolsa ýalan bol!
Haçana çen,
Men durmaly ýanyňda,
Diň meň sözlerim dursun ýadyňda.
Göreş,
Görüpleriň gözüne gül sal!
Ýaşa,
Ýagty günler ýaranyň bolsun.
Käbir zatlar düşenok meň ýadyma,
Bolýar-da
Gideýin
Dynjyňy al sen.
Bir gün ajal bolup gerin ýanyňa,
Sen şeýle ölüme mynasyp bolsaň...
Atamyrat Atabaýew