Dowamy...♡
-Şuny hiç unutma: Zenanlar özleri barada, egin eşikleri hakynda ýa-da maşgalasy barada baglanşykly sorag berýän bolsalar, owadan sözlere garaşýandyrlar. Birden bilmän tankyt etmek isleseň başyňa bela tapynarsyň.
Muny hiç unutmazlar. Şol gün " Mähribanym, sen şonsuzam owadan, saňa horlanmak gerekdäl." diýsediň, ol günüň zäher bolmazdy.
-Onda diýşiňe görä zenanlar hemişe owadan, her geýen köýnekleri gelişer we meniň gelnimiň ejesi öz ejem ýaly kakasy meniň kakam ýaly.
Maňa-da näme etseler etsinler şeýlemi....
- Berekella oglum çalt öwrenýärsiň, maňa meňzäpsiň. Bir zenanyň öz ejesi kakasy bilen aralarynda sowukluk bar bolsa özi tankytlar we asla seniň tankytlamaňy kabul etmez. Seniň tankytlaryňy, özüne kiçilik biler.
- Kaka özem biz ýalňyşsak asla unutmazlar gerek?
-Edil özi. Ýyllar öň seniň ejeňe, ejesi üçin "Biraz mekir..." diýipdim. Heňizem "Sen meniň ejemi halaňok." diýýär we ejesi bize bir zat alsa alan zadyny gözüme basýar, iň köp gözüme iläýjek ýerde goýýar.
- Bolýar kaka ol meselelerde dilimi saklarn welin, ýöne şu gizli yşarat dili kyn geldi.
- Kyn ýalydyr biraz gaýrat etseň çözersiň.
Ýöne iň gerekli, yşaratlara düşünmelisiň. "Sen şunumy diýmek islediň?" diýip asla ýüzüne urmaly dälsiň.
-Düşündim kaka. Gelnimiň aýdan zatlaryna düşünern ýöne oňa düşünenimi özüne belli etmeli däl. Şeýle-de diýip bilers: Ol maňa diken batyranynda " Näme üçin diken batyrdyň?" diýip soramarn, ol dikeni men öz özüme batyrýan ýaly edern.
- Berekella oglum gowy mysal getirdiň. Meselem düýn öýlän ejeň maňa jaň aýlady: "Agşam dok gelersiňmi?" diýip sorady. Meni bilýänsiň agşam naharynda men mydama öýde bolýandyrn. Kyrk ýyldan bir gezek daşarda nahar iýýändirn, onam ilki habar berýändirn. Elbetde men ejeň näme diýjek bolýanyna derrew düşündim. "Dok gel nahar etmek islämok." diýmek isledi. Düşündim elbetdee " Näme diýmek isleýärsiň?" diýmedim.
- Düýn ýadady kaka, toý üçin zat almaga daşaryk çykypdyk.
- Munuň köp sebäpleri bolup biler. Ýadan bolmagy mümkin, bir kabul gününden dok gelendir, bir müň bäş ýüzünji diýetine başlandyr we ol gün nahar etmek islemeýän bolmagy mümkin. Ýöne biz erkekler muny gysga ýoldan " Bolýa mähribanym, garnym dok, senem daşarda bir zatlar iýip gel men ýadow, işden geleňde iýmäge bir zatlar getir" diýmez. Eger şeýle diýäýseler özlerini erwet görünjek duýýarlar.
Hökman Bükçe aýdyp bermeli, salyk bir ýüz bilen garşylaşmamak üçin seniňem oňa düşünmegiň gerekli. " Ýok, nahary öýde iýern isleseň daşardan bir zatlar alyp geleýin bolarmy?" diýdim. "Bolýar" diýdi. Döneri gowy görýär, bilýänsiň, onuň dönerini gowy görýän çöreginiň arasyna goýdurdum. Muny düşünenim üçinem aýry begendi. Olam bu wagtlar diýeta durýar, toýda has horajyk görünmegiň derdinde.
-Bu Bükçe'de gysga gürrüňdeşlik ýokmy kaka?
-Bar ýöne seniň ýeriňde bolsa hiç islemezdim.
Zenan gürlemeýän bolsa ýa-da gysga gürläp goýýan bolsa hökman bir erwet ýagdaý bar diýmekdir. Meselem ýüzi salyk, senem soraýarsyň, "Näme boldy?" diýip, "Maňa hiç zat bolanok!" diýip jogap berse, hä bolýar hiç zat bolmandyr diýip oturma. Ýogsam birsalymdan duýgusyz bolanyňy düşünip, aglamaga başlar.
- Bolýar kaka. Bükçe'de "Hiç zat ýok, hiç zat bolanok!" diýmek "Aslynda Köp zat bar, maňa ünsüňi ber!" diýmek bolýarmy?
-Howa oglum. Biz erkekler "Hiç zat bolanok!" diýýän bolsak hakykatdanam hiç zat ýokdur, diňe dynç almak isleýändirs ýa-da bir zat bolandyr ýöne; şu wagt gürleşere zat ýok! diýýändirs. Her ikisinde de gürlemek islemeýändirs. Emma zenanlar üns bermegimizi söýgi diýip kabul edýändikleri üçin, " Maňa gadyr görkezýän bolsaň, maňa üns ber aýdyp bereýin." diýmek isleýändir. Gaty seýrekdir çyndanam aýdyp bermek islemeýän wagty, şol wagt gaty üstüne gitme ýadamasyn.
-Kaka. Bir dostumam zenanlaryň "bolýar" diýmegi gorkunçdyr, diýipdi.
-Dogry. Bir zenanyň agzyndan çykan gury bir "Bolýar." sözi hemişe gorkuludyr. Bu Bükçe'de " Häzirlikçe bolýar diýern ýöne arymy soňra alarn." diýmekdir. Saňa iň gysga wagtda hökman jeza berer. Emma "bolýar" sözüniň ýanynda "Bolýar mähribanym" sözi goşulýan bolsa gorkyň geregi ýok.
-Kyn bir dil eken kaka.
-Ýok ýok, gözüň gorkmasyn, her bir dili öwrenişiň ýaly ilki kyn düşer, öwrenýärkäň barlap durmaly, barlag geçmeli, kä wagt ýalňyşlyk göýnerersiň, soňra derrew öwrenşersiň. Diýjek bolýanym gaty aňsat; seniň Bükçe gürlemegiň gerekli däl. Dile düşünmegiň gerekli.
-Düşünmegem aýdyşyň ýaly aňsat däl kaka.
-Gorkma, gorkar ýaly kyn däl Iň esasy kanunlary öwredýänä men saňa. Dowam edeli. Zenanlar isleýän zatlaryny bize aýtmaly bolanlarynda, biziň pikir edip bilmeýändigimiz üçin bize gaharlanarlar we gürlänlerinde bizi günäkär edip gürlärler ýöne olar bizi günäli edip gürleýändiklerinden habarsyzdyrlar. Biz bilip bilgeşleýinden edýändirs öýderler.
-Ol nähili kaka?
-Meselem, geliniň saňa " Köp wagt bäri bile daşaryk çykmadyk..." diýse muny özüň günäli ýaly duýma, ýüregi seniň bilen gezelnç etmek isleýändir, muny seniň düşünüp teklip etmedigiň üçin öýkelän bolmagy mümkin. Maksady seni günäkär etmek däldir
" Arada gezelenje gitdik..." ýaly sözler bilen özüňi aklajak bolma. "Bolýa mähribanym, dogry aýdýarsyň menem gitmek isleýän, iň gysga wagtda giders...." diý, gürrüň gutarar. Elbetde iň gysga wagtda beren sözüňi ýerine ýetirseň gowy bolar.
-Düşündim kaka kiçijek ýöne esasy meseleler... Käşgä Bükçe dilini mekdepde öwretselerdi biz erkeklere.
Nähili ir başlasak gowy ýerine ýetirip bilerdik belki.
- Dogry aýdýarsyň oglum! Aslynda menem saňa öwretmek üçin gijä galdym. Näme-de bolsa, hiçden giç ýagşydyr.
-Jikme-jik öwrenmeli ýerleri kän eken, ýogsa-da kaka sen aýdyp durkaň ýazyp almaly ekenimmi?
-Özüň bilersiň oglum, unudarn öýdseň ýazyp al. Käşgä menem ýazyp getirsedim. Umyt edýän menem saňa kem öwretmern. Şu wagt aklyma geldi zenanlaryň halamaýam sözi "Tapawudy ýok." dur. "Tapawudy ýok." sözüne zenanlar "Meň üçin gyzykly däl, näme etseň ediber." diýip düşünerler.
-Onda kaka. Zenanlar üçin gymmatly söz haýsydyr?
-Sen biljek bol hany.
-"Seni söýýärin." diýmek bolaýmasa.
-Howa, zenanlar "Seni söýýärin" sözüniň gaýta-gaýta diýilmegini isleýärler. Biz erkekler "Aýdypdym iň soňy bilýär." diýip bu gürrüňde-de ýalňyşmaly däldirs.
-Bükçe diňe gürleşilýän dilmi kaka?
Birem munuň hereket bilen düşündirilýän dili bar ýaly görünýär.
-Zehiniň hakykatdanam maňa meňzäpdir. Menem edil şol gürrüňe gelýärdim. Elbetdee hereketlerem gaty möhüm. Zenanlar kiçijek zatlara gadyr görkezýändir. Gündiz ony pikir edýändigiňi belli etmek üçin gysgaça bolsada telefondan oňa hat ýolla, kiçijek sowgatlar et. Ol nahar taýýarlaýan wagty oňa kömek et, işdäaçar taýýarla, çaý demle.
-Agşam işden gelip arkaýyn arkaňy öwürip ýatmak ýok diýäňdä şeýlemi?
-Gözüňde ulantma. Sanaňda köp zat ýaly görünýändir aslynda bular wagtyňy aljak ýa-da çykdaýjyly zatlar däldir. Söýgi bilen geçiriljek wagt barka näme üçin dawa bilen geçirjek? Zenanlar mydama mähir berýändirler senem mähir alyp mähir bermegi unutma ýogsam bir gün patlarlar. Kiçijek mähir alyp dursalar uly mähir bilen garşylyk bererler.
-Bolýar kaka, bulara üns berern.
-Affisant nahar tabaklarymyzy aýyryp durka oglumuň telefonuna jaň gelmäge başlady. Belli, aljak gelini jaň edýär gürleşmek üçin deňiziň kenaryna yuwaş-yuwaş ädimler bilen ýöräp başlady. Birsalymdan geldi.
-Kaka, köp minnetdar. Bükçe diline düşünüp başladym. Jahan jaň etdi. "Oturulýan otagymyzyň perdelerini nähili reňk alaýyn karar berip bilmedim, ertir bilelikde gelsekmikäk?" diýdi. Birden "Tapawudy ýok özüň saýla." diýjekdim seniňem diýişiň ýaly "Öý hem perdelerem maňa gyzykly däl." diýip düşünjegi aklyma geldi. "Elbetde mähribanym, isleseň bilelikde saýlars ýöne men seniň saýlaýşyňa ynanýaryn, isleseň özüňem saýlap bilersiň." diýdim, gaty begendi. Indi özi saýlaýar.
-Ol iň soňy perdäni özi saýlandyr ýöne zenanlar edýän zatlaryny hökman tassyklatmak islärler. Bilelikde gitseňem öz halan perdesini almak islärdi. Biz erkekler olaryň näme diýmek isleýändiklerine düşünsek, aňsatlyk bilen göwünlerini göterers.
-Kaka, ýene köp sagbolsun aýdýaryn. Bu ýagşylygyňy hiç unutmarn. Maňa Bükçä'ni öwretmesediň hal ýagdaýymy düşünesimem gelenok.
-Bagtly sen oglum. Meniň seniňki ýaly kakam ýokdy. Bulary eýdip-beýdip öwrenmegim üçin ýyllarym geçip gitdi. Seňki ýene gowy taýyn aşyň eýesi bolduň. Gowy günlerde ullan, isleýänlerede öwret, her kimiň bagtly bolmaga haky bar.
Ullansynlar we ýüzleri gülsün....
Soňy...♡
Türk dilinden terjime eden: Jemal Seýitniýazowa...♡