Şu günler üýtgeşik duýga sepleşdim,
Düýn düýşümde ýylan bilen gepleşdim.
Diýdim "Zäher neçüýn saña berildi,
Çakan zadyñ sagat geçmän serildi".
Aýaksyzam bolsañ batly ýörediñ,
Adamzada gorky bolup dörediñ.
Bize berlen bolsa köp bordy derman,
Sagdyn borduk, beýle kösenip ýörmän"
Ýylan seretdi-de "Pikir et..." diýdi
"Hemem sen bir zada şükür et" diýdi.
Diýdi "Zäher berlen bolsa adama,
Garaşmak gerekdäl asla ýardama.
Dünýäni adamsyz soldurardyñyz,
Bir-biriñi çakyp öldürerdiñiz..."
Kerimhally