unknown_12
03.11.2022 21:20
Kerim Hallyýew
Öçe başlady...

Demirler asmanda ganatlap uçar...
Magtymguly Pyragy


Pyragym bak, sözüñ öz ýerin tapýar,
Asmanda polatlar uça başlady.
Emma ynsanlaryñ ynsaby gopýar,
Köpler namysyndan geçe başlady...

Düýnjek ýary bilen bagtlydy Güller,
Ýigdi onuñ üçin sowurdy pullar,
Bu gün unudulyp şol geçen günler,
Güller özge ýigdi guça başlady.

Mergen bir çüýşäniñ açdy gapagyn,
Ýanyndakyñ sypap uzyn gulpagyn,
Dört çüýşä ýetensoñ zyñyp telpegin,
Bar aýbyny ile aça başlady.

Süýtden doly göwsün sorup enäniñ,
Soñundan üssüne üýrüp enäniñ,
Garrandygyn duýup bu perişdäniñ,
Perzentler assadan gaça başlady.

Ownaýar erkekler ýene bir rast söz,
Garynlar doýsa-da, açdyr gara göz.
Bir näzik zenana gelip ýürek döz,
Ýigitler boş anty içe başlady.

Kerim ýazar emma, däldiris şahyr,
Her ynsandan şahyr, çykanok ahyr...
Ele galam alyp, her ýeten jahyl,
Ýazdy, poezýamyz öçe başlady.
19
111
reyyan
3 Noýabr 2022
Soz yok bu gosga paylasanyn un saol unknown_12🥰
jemal_seyitniyazowa
3 Noýabr 2022
SÖZ ÝOK👏🏻 soňky bendiniň soňky setirleri gaty dogryda
Lalın
3 Noýabr 2022
😔 kasge beyle bolmasady goey gosy hakyky durmus
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.