Bir kakanyň öýlenjek ogluna nesihaty- BÜKÇE
Oğlum bir hepdeden soňra öýlenýär.
Jogapkärçilikli bir kaka bolup, oňa öwüt bermeli bolýan.
Ýöne muny öýde edip bilmerin; sebäbi ejesi arkaýyn öwüt bermegime rugsat bermez, sözi agzymdan alyp özi dowam eder. İş ýerimden ogluma telefon etdim. "Agşam naharyny daşarda bilelikde iýeli," diýdim. Deňiziň kenaryndaky bu şirin kiçijek kafeda indi ogluma garaşýaryn.
Gelýär ýigit oglum, görmegeýligem edil men...
Ýan gapdaldaky stolda oturan gyzlar gözleri bilen oglumy süzýärler. Seretmäň gyzlar, ony tutan eýýäm aldy. Oglum geldi we geçip oturdy.
-Oglum, geljek hepde-de toýuň bar, menem kaka bolup saňa käbir hususlarda ýoda görkezmeli bolýaryn.
Çagalygynda garagollyk eden wagtlaryndaky ýaly birden gyzardy.
Hehe näme aýtjak bolýandyrn öýtdükä!
-Kaka, men ýigrimi alty ýaşymda, indi käbir zatlary bilýärin.
-Ah, seniň ol bilýändirn öýdýän gürrüňleriňde-de bilmeýän köp zatlaryň çykar ýöne men ol gürrüňlerden söz açjakdäl.
Käşgäm gürleşip bilsedik ýöne heňiz olar ýaly modern bolup bilmedim.
Rahatja dem aldy. Hä hemde naharlarymyzam geldi. Indi oglum bilen gyzyklandyryp gürrüň edeli.
-Oglum sen näçe dil bilýärsiň?
-Iňlisçe, Fransuzça birem öz dilimi sanasam Türkçe bilen üç dil bolýar.
-Onda bu gün men saňa dördünji dili öwrederin.
Diliň ady bükçe. Zenanlar tarapyndan ullanylýar. Senem muňa "zenan dili" hem diýip bilersiň.
Güldi. Gülen wagty meniň ýaňagymdaky ýaly kiçijek çukurjugy bar, ol orta çykýar.
-Zenanlaryň aýry dilimi bar?
-Elbetdee. Eger zenan dilini bilseň bir zenan bilen ýaşamak dünýäniň iň uly duýgusudyr ýöne bu dili bilmeseň durmuşuň garalyp biler.
Şonuň üçin bir zenan bilen bagtly bolmak isleýän her erkek "Bükçe" ni öwrenmeli.
-Bolýa welin näme üçin Bükçe?
-Çünki zenanlar gürlänlerinde köp wagtlarda, aýtjak sözlerini doly aýtmazlar.
Egrip bükerler; şonuň üçinem diliň adyna "Bükçe" goýdum.
-Kaka Bükçe kyn dilmi? diýibem gülüp sorady.
-Maňa seret, bu gaty ähmiýetli gürrüň, gyzyklanmaýan ýaly görünýärsiň, biraz çynyň bilen diňle.
Bir zenan bilen bagtly bolmak isleýän bolsaň bu dili hökman bilmeli.
Sebäbi zenanlar sözi büküp Bükçe gürleşerler, soňra da seniň dogry sözi düşünmegiň üçin garaşarlar. Pelsepesine düşünseň aňsat, düşünmeseň kyn.
Meselem Hytaýly bir gelniň bar, sen gelniňe mydama Fransuzça "Seni söýýärin" diýersiň ýöne geliniň hiç hili Fransuzça düşünmeýär. Fransuzça "Seni söýýärin" sözüniň onuň üçin bir manysy ýokdur.
Oňa Hytaýça "Seni söýýärin." diýeniňde saňa düşünüp biler.
-Bolýar kaka, dogry aýdýarsyň, çynym bilen diňleýärin. Onda, seniň pikiriňçe zenanlar näme üçin biz bilen bir meňzeş dili gürlemeýärler, aýtjak zatlaryny göni aýtmaýarlar?
-Meniň pikirimçe bir iki sany sebäbi bar: Birinjisi, duýguly bolandyklary üçin, "Ýok!" jogabyny alyp gynanyp gezmekden gorkýandyklary üçin bolup biler. Ikinjisi, zenanlar bu dünýä eje bolmak wezipesi bilen ugradylandyklary üçin olaryň duýgurlugy gaty güýçli bolýar.
-Onda olar biz erkeklerden 1-0 öňde bolýarlarda hä?
-Ol nähili bir nol oglum, iň az on nol öňdedirler.
Düşünsene, heňiz gürläp bilmeýän, kiçijek bir çaganyň ýüzüne seredibem näme diýmek isleýändigini derrew bilýärler. Işiň erwedi, özleri leb diýmän lebläni düşünýändikleri üçin biz erkekleri hem özleri ýalydyr öýdýärler. Şonuň üçin, leb, diýip garaşýarlar. Hatda kä wagt, "Näme üçin leb, diýmeli bolýan ol pikirem edenok?"
diýip ýadaýarlar.
-Biz hem kä wagt Jahan bilen kynçylyk çekýäris. Näme üçin düşünmediň, diýip maňa gaharlanýar.
-Gaharlanarlar oglum, gaharlanarlar. Zenanlar inçe düşünjelidirler, ynjykdyrlar, kiçijek zatlar hiç haçan gözlerinden gaçmaz. Biziňem özleri ýaly düşünjeli bolmagymyza garaşarlar emma erkekler olar ýaly däldir. Biz bir zada seredip bütewlügne üns bereris, olar bolsa her bölegine. Çünki beýnilerimiz şeýle işleýär.
-Onda nähili bolarka kaka, bu işiň çäresi ýokmy?
-Bar diýdimä oglum, Bükçäni öwrenmelisiň, şonuň üçin şu ýerde biz. Onda sen taýynmy?
-Howa men taýyn kaka.
- Bükçe köp söz ullanylýan bir dildir. Biz erkekleriň on söz bilen aýdyp bilýän meselämizi, Bükçe'de iň az ýüz sany söz bilen aýdylýar.
Bu dili diňleýärkäň sabrly bolmalysyň. Meselem geliniň bir gün özüne köýnek aldy, diýeli. Muny saňa "Bu gün bir köýnek aldym." diýip aýtmaz. Köýnek almak üçin daşaryk çykan wagtyndan başlar, näçe magazyna gidendiginden, almak üçin näçe sany köýnek deňäp göreninden, arzanladyşlardan, ýolda gören tanyşlaryndan dowam eder we saňa ullakan bir hekaýa aýdyp berer.
-Ýagny hekaýa diýmek bolýarda kaka...
-Edil özi. Sen akylly bir erkek bolup oňa hiç haçan "Hekaýa aýtma, esasy gürrüňe gel, gysgaça aýt." diýäýmegin. Şol sözleri diýeniňde, gutardyň diýmekdir.
İsle şeýle diý, isleseň "Seni söýemok." diý, iki ýagdaýda-da "Seni söýemok" diýdigiň bolýandyr.
- Näme meňzeşligi bar kaka, "Seni söýemok." diýmek bilen. "Gysgaça aýt." diýmegiň?
- Köp meňzeşligi bar: Zenanlar özleri diňlenmeýän wagty söýülmeýändiklerini düşünerler.
-İne bu möhüm: Bükçe'de diňlemek söýmekdir diýdigiňmi?
-Edil özi. Ýene-de dowam edeli.
Bükçe gizli yşaratlar bilen doly bir dildir. Zenanlar gürlänlerinde, bir zatlary yşarat edip gürlemegi gowy görýärler. Biz erkeklerem edil özleri ýaly yşaratly gürleýändirs öýdýärler we sözlerimiz bilen näme diýjek bolýanymyzy çözmek isleýärler. Ýöne biz erkekleriň yşarat dili bilen düşündirmek ukubymyz entek özgermedikdir. Biziň kasdymyz, aýdýan zadymyzdyr.
- Jahan maňa geçen hepde "Biraz horlansam gelinligiň içinde has owadan bolarn" diýdi. Menem " Şeýle-de gowy." diýdim. Bar keýpi gaçdy, bir iki sagat keýpsiz oturdy. " Saňa näme boldy?" diýip soradym. "Hiç zat bolanok." diýdi. Kaka seniň üçin bärde meniň ýalňyşym näme nirede ýalňyşlyk edipdirn?
- Şeýle-de gowy, diýeniňde ol "de" sini şol ýerde ullanmaly däldiň. Jahan muňa şeý diýip düşünendir: " Şeýle-de erwet görüneňok, boljak ýöne has gowy, has hem owadan görünüp bilersiň." diýip düşünendir.
-Düşündüm onda näme diýmeli ekenim kaka?
-Şuny hiç unutma: Zenanlar özleri barada, egin eşikleri hakynda ýa-da maşgalasy barada baglanşykly sorag berýän bolsalar, owadan sözlere garaşýandyrlar. Birden bilmän tankyt etmek isleseň başyňa bela tapynarsyň.
Muny hiç unutmazlar. Şol gün " Mähribanym, sen şonsuzam owadan, saňa horlanmak gerekdäl." diýsediň, ol günüň zäher bolmazdy.
-Onda diýşiňe görä zenanlar hemişe owadan, her geýen köýnekleri gelişer we meniň gelnimiň ejesi öz ejem ýaly kakasy meniň kakam ýaly.
Maňa-da näme etseler etsinler şeýlemi....
Dowamy bar...♡
Türk dilinden terjime eden: Jemal Seýitniýazowa