Ýaşlygyňyzy aýaň!
Ýaşlyk ― ynsanyň geljek üçin topraga tohum sepýän bahar pasly.
Ý.B.KNÝAZIN.
* * *
Ýaşlyk edermenlik döwrüdir.
A .S.PUŞKIN.
* * *
Öz ýaşlygyňy aýa! Dünýäde şondan gowy, şondan gymmatly zat ýokdur. Ýaşlyk altyna çalymdaşdyr, näme isleseň, şoňa-da sowarsyň!
M.GORKIÝ.
* * *
Adamyň ýaşlygynda, eger onuň yzyna düşüp gitse, meşhurlyga eltjek pikirler döreýär.
K. GELWESIÝ.
* * *
Ýüzüň ýygyrdy ýaşlykda ýylgyryş bolan ýerleri görkezmelidir.
M.TWEN.
* * *
Ýaşlyk ― bu arzuw, ynam. Bu ― gahrymançylyga ymtylyş. Bu ― lirika, romantika. Bu ― geljege bolan uly maksatlar. Bu ― hemme ösüşleriň başlangyjy.
N.HIKMET.
* * *
Ýaşlar bir zady tankyt etmän, täze bir zady döretmäge, maslahat bermän, amala aşyrmaga, işiň diňe bir tarapyndan däl-de, dürli tarapyndan barmaga ymtylýarlar.
F.BEKON.