~~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Bir gün Bill Geýtsden bir žurnalist gyz intervýu alýar:
- Mister Geýts, siziň baý bolmagyňyzyň ýönekeýje syry näme?
- Bu örän gowy sorag...
diýip Geýts jübisinden çek çykaryp ýaňky gyza: "Şu çega menden isleýän pulyňyzy ýazyň"
Gyz utandy, we hiç zat ýazman yzyna berdi. Bill Geýts oňa seredip "Bolýa" diýdi. Gyz ýenede soragyny gaýtalap:
- Bagyşlaň, siz meniň soragyma jogap bermediňiz.
Bill:
- Ýok berdim. Bilýäňizmi, men hemişe şansymy elimden gidirmejek bolýan. Men size islän puluňyzy menden soraň diýip size şans (mümkinçilik) berdim. Siz mümkinçiligi elden gidirdiňiz, a men bolsa gidirmezdim...
Üns berip okanyňyz üçin sag boluň ❤️