31.10.2022
Ejejan, gel, bagryňa bas meni,
Bu ýürek ýene küýseýär seni,
Seň bilen unudyp gaýgy-hasraty,
Dünýä rahatlygny göreýin ýene...
Allahym dilegim hem-de dogamdyr,
Ejemiň bu dünýä baky gezmegi,
Göz ýaşyn çykaryp ol gara gözler
Çekmesin hesrati, gaýgy-gussany...
Ýüregim ezilýär ereýän ýaly,
Doňlary çözülip ýaşarýan ýaly,
Ýylgyrşyňy gördüm ir säher bilen,
Gülüşüň bularyň sebäbi ýaly...
Ýylgyrşyň dünýäni giňeltýär mydam,
Mydama gursagmam daralyp durýar,
Durýar hem togtaýar durmuş manysy,
Manysy sensiň dünýämiň eje...
"EJE" diýip sözlänimde her gezek,
Her gezek mährini eçilýär şol söz,
Şol sözi diýýänime müň şükür,
Şükür Elhamdülillah barlygňa eje...
Eje sensiň bu dünýämiň bezegi,
Bezegi diýemde azlykdyr belki,
Belki - de şu sözlem ýerlikli eje
Eje sensiň dünýämiň öçmez çyragy...
Çyrag bolup ýagtyltýaň dünýämi,
Ýolumy saýgarýan seň bilen diňe,
Diňe seň barlygyň ýeterlik maňa,
Maňa senden özge gerekmez eje...
Eje söýgi diýlen duýgy çynmyka,
Çynmyka her kimiň söýüp köýmegi,
Köýmegi, aý, olar ýalan duýgular,
Duýgularym diňe seň bilen eje...
Eje maňa biri söýýän diýipdi,
Diýipdi ýene-de ençeme sözleri,
Sözleriniň biri taşlajak däldi,
Däldi sözi ýalanmyka ýa eje...
Eje men olary goýup bir ýana,
Bir ýana bakaýyn diňeje saňa,
Saňa şu sözlermi diýmekçi Eje,
Eje men seni söýýärin mydam...
Düzen:Bägül.Ý.M