gozelka
01.11.2022 10:03
Dokuz ay yatmysam enem garnynda,
Goz acyp, dunyage dusen gunlerim.
Dort ayakda gezdim enem elinde,
Sekiz ayda hem gulusen gunlerim.

Birimde bilmedim yagsy-yamany,
Ikimde tanydym ata-enani,
Uc yasymda tanry berdi zybany,
Tort yasymda das atysan gunlerim.

Basimi oturdim bahar-yaz bilen,
Alty yasda kowalasdym baz bilen,
Yedi yasda isim bolmaz gyz bilen,
Sekizimde disim dusen gunlerim.

Dokuzymda berdim tanry salamy,
Onumda boynumda hakyn kelamy,
On birimde tutdum dowlet galamy,
Okyp-okyp magny sacan gunlerim.

On ikimden gitdim on uc yasyma,
On tordumde heser urdy basyma,
On basimde gyzlar girdi duysume,
On altymda gaynap josan gunlerim.

Yigrimimde mestan-mestan gezerdim,
Yigrim basde ganym okun duzerdim,
Otuzymda atlar munup ozardym,
Otuz basde ters sowesen gunlerim.

Kyrkymda goyulyp, kasam dolmusam,
Ellimde elime tesbyh almysam,
Altmysymda pire murit bolmusam,
Pygamber yasyny yasan gunlerim.

Yetmisimde agyry indi dyzyma,
Segsenimde gubar indi gozume,
Togsanymda hus galmady ozume,
Akyl-husdan jyda dusen gunlerim.

Yuz yasa yetirman, alarlar janyn,
Uzadyp goyyarlar, bicerler donun,
Magtymguly, hemra bolsun imanyn,
Jan jesetden ayra dusen gunlerim...

Awtory: Magtymguly Pyragy
15
294
Maýa06
1 Noýabr 2022
👍🏻👏🏻👍🏻👏🏻👍🏻🥰
Relax
1 Noýabr 2022
👍🏻....
Gülhan
1 Noýabr 2022
Şu goşgusyn Mugallyma yatlap aydyp berenim entagem yadmda)
atakulyyewa_humay
1 Noýabr 2022
Örän gowy goşgy 👍
gozelka
1 Noýabr 2022
Hemmanizem saolun 😊
Lalın
1 Noýabr 2022
👍👍👍👍👍
melek06
1 Noýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻
Aydymch_oglan
1 Noýabr 2022
Malades 👏 gowy goşgy 👍👍👍👍
Reana
1 Noýabr 2022
Gowy gosgy eken haladym 👏👍
gozelka
1 Noýabr 2022
agayunus,saol joramSerwi,like un saol
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.