Madmazella
01.11.2022 00:42
Ähli aýralygy gören bu başym,
Bu gezekki maňa has agyr geldi.
Kalbymyň bahary jan göwün hoşum,
Ynanýan diregim soýam ýykyldy.

Sensiň ynanýanym sendiň ynamym,
Sendiň gussam diňlän kalba salanym.
İne bugün bolsa Hakdan dilänim,
Gitmegiňe näme sebäp tapyldy.

Gam gussaly ýüze şatlyk getirdiň,
İne iň soňunda gama batyrdyň.
İndi ynan dossum menem gutardym,
Çygjarmadyk gözden ýaşam atyldy.

Soňlanmadyk duýgym sönmejek wepa,
Ellenmedik gülüm bolmajak sapa.
Senli begenýänim bu gün bu jepa,
Hoş sözüň şatlykly badam apardy.

Toýuňam bardygny illerden eşitdim,
Dossumjan şahyryň yza çekildi.
Allajan seniň bir bagtyň daş ýarsyn,
Bagtyň nesip etsin temam ýapyldy.
12
109
ylham_gurbanaly
23 Fewral 2023
Awtor?
Myhman Myhman
6 Noýabr 2022
Hemem masgalan bolsa Ana sol hakyky bagt
Myhman Myhman
6 Noýabr 2022
Durmusda 1 minudyny yylgyryp gez he
Myhman Myhman
6 Noýabr 2022
Hakyky ayralyk ucmana ganatsyz galanda yagny ene atasyz galanda
Myhman Myhman
6 Noýabr 2022
Sl.
gozelka
1 Noýabr 2022
Gowy gosgy
Lalın
1 Noýabr 2022
👍
Myhman Myhman
1 Noýabr 2022
😑
Myhman Myhman
1 Noýabr 2022
👍
Myhman Myhman
1 Noýabr 2022
Gowy eken🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.