Ah pany! Sen nirä sowdyñ ýüzüñi?,
Gününi bimany ötürýänler bar,
Onki synasy sag, jany ýarap dur,
Şonda-da el serip otyrýanlar bar.
Gazanjy añsatdan gazanjak bolup,
Sähel dogry söze bulanjak bolup,
Saña dostsyraşyp, ulanjak bolup,
Buýrmadyk işiñi bitirýänler bar.
Ädamkärlik bolsa aýak teýinde,
Görseñ meseledir çörek öýünde,
Ýasyñda görünmez, emma toýuñda,
Şir bolup, söz sözläp atylýanlar bar.
Hemmezadyñ nyrhy galypdyr, ýöne,
Ynsanlygyñ nyrhy könedir-köne,
Guýrygny ýamzyna dykana dönüp,
Gara şaý görseler satylýanlar bar.
Hars urup, nebsini öñe tutuşyp,
Pespäl bendelere şyltak atyşyp,
Namysy, tenini teññä satyşyp,
Içde imanyny ýitirýänler bar.
Eý ynsan! Erkiñ-ä eliñde welin,
O dünýäñ soragna gözlegin delil,
Toba et asmana göterip eli,
Çünki günälerñi geçirýäniñ bar.
2016ý.
Awtory: Baýram Bejidow