...Meni hormat bilen toýtaleşgäniñ arkasyna geçirdiler, gowmy oglanlar näme hyzmat diýdim haýyma-maýyma garaman eýleden-beýleden el ýagyp ugrady bir arkan ýykylanymy bilýän, täzeje köwüş akja köýnek ütügiñ çyzygy ýitmedijek täzeje jalbar gölä ýapaýmaly bolupdyr, men haýran galýan ýatan ýerimden, meni çagyran bir oglandy bir adamda munça el barmykaraý diýip, eller henizem ýagyp durdy, öýlänçiñ çagbasam beýdip ýagýan däldir, bir tötänleýin şarpyga munça jogap bolýanyny ine görüp durşum, birdenem gün çykyp öýlänçi sowlan ýaly boldy, añyrdan bir dogumly daýza gelip talpany dagatdy otyryberdi, men şeýle pikir etdim Hydyr ata daýzañ keşbine girip gelen ýaly-dy, ,,Gyrandegenler toýy bulajak bolmañ birki gezek uran bolsañyz boldydyrda..." Diýdi-de golumdan tutup ,,tur gyw" diýdi, iter-sañsar bolup zordan turdym, töwerege seredýän ähli blogerler, tiktokrlar üýşen eken daşyma, zordan daýzañ elinden tutup ýöräp başladym, toýam gutaryberipdir, küşdepdi aýdyp dur bagşam, ana şeýdip gullukdaşyñ toýunam gördük mazaly...
Aslynda ý:at oba barylsa myhman urmak modamy nämemi, ý:at oba baryp urulmadyk ýerim az-azdyr, ý:at oba toýa gitjek oglanlar maslahatym ýa-ha gitmäñ, gitseñizem baryp ahrana tutunyñ...
Gürrüñ beren Selim.
Awtory: Baýram Bejidow