Kagyza ýetende galamyň ujy,
Gözlerimden gaçdy üç sany ünji.
Beýnimdäki pikir şeýle bir ajy,
İne dostlar, ýalan söýgiň ezýeti.
Kagyza ýazamda ilkinji sözüm,
Göz öňüme geldi söz aýdan günüm.
Yzyny ýazmaga barmady elim,
İne dostlar, ýalan söýgiň lezzeti.
Ýazjak sözüm çykdy meniň ýadymdan,
Lezzet alýan bäş harply adyndan.
Gutulma ýok ilki söýgiň odundan,
İne dostlar, ýalan söýgiň lezzeti.
Galamymam gaçdy meniň elimden,
İň soňky umydym gitdi golumdan.
Gaýdypdym, gözlerim ýaşlap toýuňdan,
İne dostlar, ýalan söýgiň lezzeti.
Erkimi aldyryp söýüpdim seni,
Sen bolsa gözelim söýmediň meni.
İndi bolsa bolduň bir öýüň gelni,
İne dostlar, ýalan söýgiň lezzeti.
Suratyňa bakyp, gözlerim ýaşlap,
Uludan dem alyp, soňra-da haşlap.
Goşgy hem ýazypdym saňa bagyşlap,
İne dostlar, ýalan söýgiň lezzeti.
Birdenem oýandym oý pikirimden,
Göz ýaşymy süpürip men gözümden.
Galamymy alyp ýatan ýerinden,
İne dostlar, ýalan söýgiň lezzeti.
Goşgymy şu ýerde edeýin tamam,
Menem söýülerin belki bir zaman.
Söýeniňiziň saýasynda ýaşaň sag-aman,
İne dostlar ýalan söýgiň lezzeti.