Zombi kyýamaty düzmeçe zat, hiç haçan beýle zat bolmaz diýýänlere erbet habar!
Zombi kyýamaty bolup biljek zatdyr. Näçe "samsykça" görünsede aslynda bilim munuñ mümkindigini aýtýar.
Bu barada CDC (abş nyñ kesel barlaýyş we goranma bileleşigi) köp işleri geçirdi, sosial medialarda bu barada Maglumatlar aýtdy, okuwlarda ýörite bu barada sapaklar geçildi, hatda eger şeýle kyýamat bolsa näme etmelidigini paýlaşdy we ýörite zombilerden dynmak üçin planlar düzüldi.
Köp kişi şuwagt ynanmazçylyk edip biler.
"Zombi nädip döresinäý" diýip biler.
Sebäbi biz zombi kyýamtyny "örän fantastiki" filmlerden görenimiz üçin, bular gulagymyza düzmeçe eşdilýar.
+Rova sen bulary aýtmada zombi nädip döreýär şony aýt
-bolýa, zombileriñ döremegine birden köp zat sebap bolup biler
1. Tebigatda eýýäm bar bolan, janlylaryñ beýnini zeper ýetirip bilýän biröýjükli parazit bar. Häzirki günde adamlara hem ýokuşyp bilýän uzyn wagtdan bäri barlygyny belli etmedik janly bu. Guşlarda, sygyrlarda, syçanlarda görülen bu parazit diñe pişikleriñ içegesinde döreýär.
Bu janly toksoplazmoza diýen kesele sebäp bolýar.
Adamlaryñ ýarysyndan köpi toksoplazmoza bilen täsirde. Bu kesel bilen täsirde bolan adamlaryñ beýleki adamlara garanda akly saglygyny ýitirmegi has ähtimal. Hatda bu kesel bilen täsirde bolýan syçanlar "zombileşýär"
Syçanlar adamlara örän meñzeýar, şonuñ üçin hem adamlar üçin taýýarlanan köp dermanlar ilki syçanlaryñ üstünde barlanylýandygyny bilýansiñizdir.
Eger toksoplazmoza syçanlary zombileşdirýän bolsa, bir sebäpden has güýçli bolan toksoplazmoza adamlary hem zombileşdirip bilýar.
2. Ýaponiýadaky fugu balygynyñ zäheri ýa-da "turba güli"-niñ öndürýän zäheri adama bulaşsa adam ähli zady ýadyndan çykarýar dine iyyan, yññyrdap we titräp duran adama öwrülýar.
Eger şu wirus bulaşyjy ýagdaýa gelse zombi kyýamatyna meñzeş bir waka bolar.
3. Däli dana diýen keseli eşidipmidiñiz. Adyndan belli bolşy ýaly iri mallary däliredýan kesel. Bu kesel bilen kesellän mallaryñ etini iýen adamlar däli dananyñ adam keseli bolan wersiýasy bilen keselleýar. Ýagny Creuzdtfeldt-Jakob (kroýzdfel ýakop) keseli bilen keselleýar.
Bu kesel bilen kesellänlerde:
•ýöreýiş bozuklygy
•aslynda bolmadyk zady görmek
•süñk süysmegi
•bunamak (türkmençesini bilemok😐)
yaly bozyklyklar bolýar.
Bu tükülik we gan bilen bulasyp bilýar, yagny biri sizi dişlese sizem zombileşip biliañiz
Kinolardaky hemme zat düzme dal yagny.
Hytaýlylar haýys sizden her tapan zadyñyzy iýmañ!!
Yene iki sebap ba yone yalta biri bolanym ucin yazmadym :)
Eger meniñ taýýarlamagy 1 sagadymy alan posty doly okan bolsañyz birje like basyp bilersiniz, teswir hokman yazmaly ;)