violinist
30.10.2022 19:48
Begendirjek bolup gele-gelmäne,
"Saňa bir hoş habar aýtmakçy" diýýäň.
Söýgüden püre-pür dideleň görüp,
Wah, men bir adamlyk begendim eýýam.

Besdir ýylgyranyň gaşlaryň gerip,
Meni begenenim görmekçi bolsaň,
Aşa begenmekden gorkýan-a, ynan,
Menem hezil edip begenjek ýogsam.

Mundan artyk begendirme, bes indi,
Artyk bolaýmasyn arzyly jümläň.
Birden, begenjimden iki bolaýsam,
Kösenerin seni paýlaşyp bilmän.

Myrat Gurbanow
9
91
Myhman Myhman
30 Oktýabr 2022
Jana
atakulyyewa_humay
30 Oktýabr 2022
Gaty oňat 👍
gozelka
30 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
Aydymch_oglan
30 Oktýabr 2022
Myhman Myhman,men bärde

Myhman Myhman, Aýbölek 🙋bärde men
Myhman Myhman
30 Oktýabr 2022
Salam violinist

Aýdymçy oglon nirde sen
Myhman Myhman
30 Oktýabr 2022
😍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.