Ependi her säher ýerinden turup: «Hudaýym, maňa müň tyllany özüň ýetir-dä.
Eger birini kem berseňem almaryn» diýip, dileg etmegi endik edipdir. Söwdagär
goňşularynyň biri onuň bu dilegini eşidip ýören eken.
Ol Ependini synap görmek üçin bir gün ertir bilen Ependiniň doga okap oturan
wagty öýüň tüýnüginden 999 tyllany haltajyga salyp, aşak sallapdyr. Özi hem:
«Ependi näderkä»? diýip, diň salyp durupdyr. Ependi: «Allatagala meniň nalyşymy
eşidip eçildi-ow» diýip, tyllalary alyp, sanap görüpdir welin, laýyk dokuz ýüz togsan
dokuz eken.
Ependi biraz pikirlenip:
– Be-ýeý, Allatagala, bir tyllany haltanyň bahasy hökmünde tutup galan eken-
ow! – diýip, tyllalary kisesine salypdyr.
Söwdagär Ependiniň rejesiniň geň däldigini görüp, howsala düşüp, derrew onuň ýanyna ylgap gelipdir-de:
– Ependi, meniň tyllalarymy gaýtaryp ber! – diýipdir.
Ependi agraslyk bilen:
– A-how, seniň akylyň bir ýerindemi? Sen nähili tyllaň gürrüňini edýäň? Hiý, men
senden pul diledimmi? Hiý, seniň maňa pul beren ýeriň barmy? – diýip, onuň al-
petinden alypdyr.
Söwdagär:
– A-how, Ependi, sen her gün Alladan müň tylla diläp: «999 tylla berseň welin,
alman» diýýärdiň. Seniň öz sözüňde tapylýanyňy-tapylmaýanyňy biljek bolup, şunça
tyllany öýüň tüýnüginden okladym – diýip, hernäçe janyksa-da, Ependi şelaýynlyk
bilen ýylgyryp:
– Şu bihuda gepleriňe özüň beri ynanýarmyň? Heý-de, söwdagärem şeýle köp
puly öýüň tüýnüginden oklarmy? Muny Allatagalanyň, hut, özi meniň zaryn
nalyşymy eşidip, gizlin hazynasyndan eçildi? – diýip, şol bir depen ýerini depip
durupdyr.
Söwdagär bu işiň aňsatlyk bilen çözülmejegini bilip, kaza gitmegi teklip edipdir.
Ependi:
– Men kazydan gaçamok, ýöne maňa pyýada gitmek gelişmeýär – diýipdir.
Söwdagär muňa bir oňat gatyr getirip beripdir.
Ependi bolsa:
– Men bir abraýly adam. Egnimdäki şu horaşaja çekmän bilen maňa kazynyň
huzuryna barmak uslyp däl – diýip, ýene-de geregini artdyrypdyr.
Söwdagär näme-de bolsa, öz dawagärini kaza äkitjek bolup, oňa bir oňat içmek
hem getirip berip, gatyra mündürip, kazynyňka alyp gidipdir.
Ependi bilen söwdagär ikisi kazynyň huzuryna baryp durupdyrlar.
Kazy olardan:
– Size näme gerek? – diýip sorapdyr.
Söwdagär söze başlap:
– Bu adam meniň pylança tyllamy aldy-da, indem ony bermekden ýüz öwürýär –
diýipdir.
Kazy Ependä ýüzlenip:
– Ýeri, sen näme jogap berýärsiň? – diýipdir.
Ependi bolsa:
– Tagsyr, siz bu adamdan bir sorap görüň, ol şu aýdan puluny maňa eli bilen
berdimikä? – diýipdir.
Şundan soň söwdagär bolan wakany birin-birin kaza gürrüň beripdir.
Ependi ýylgyryp:
– Tagsyr, bu söwdagär meniň duldegşir goňşym. Belki, ol meniň pul sanap
oturanymy görendir ýa-da eşidendir. «Gyzyl görse, Hydyr azar» diýlenini edip,
başyma guýlup durany hem şonuň üçindir. Dogrudan hem, Allatagala maňa köp puly
peşgeş berdi. Mundan müň esse artyk eçilmäge-de ol ygtyýarly. Bir adam açlygyndan
öljek bolup ýatanda-da, heý, söwdagärden oňa haýyr bolar öýdýäňizmi? Ol mekirlik
edip meniň barja rysgalymy-da elimden aljak bolýar. Men-ä şu münüp gelen
gatyryma-da «dawa edermikä» diýip gorkýan – diýipdir.
Söwdägär:
– Elbetde, dawa ederin. Sebäbi ol meniňki. Kaza pyýada gaýtmajagyňy aýdyp, ýer
depip duransoň, men öz gatyrymy getirip bermedimmi, eýsem? – diýip gygyrypdyr.
Şunda kazyda birneme şübhe döräpdir.
Ependi bolsa sözüni dowam edip:
– Eşitdiňmi, tagsyr? Indi ol meniň egnimdäki içmegime dawa edip başlamasa-da
biri – diýipdir. Söwdagär saklanyp bilmän, Ependiniň sözüni soňlaryna mähetdel:
– Eýsem, sen nireden içmekli bolduň? Elbetde, içmegem meniňki – diýip
gygyrypdyr. Şonda kazy gaharlanyp:
– Häý, bedasyl, sen indi munuň egnindäki baryna-ýoguna hem dawa edip
ugradyňmy? Güm bol, gözüme görünme! – diýip, gygyryp, söwdagäri kowup
goýberipdir. Ependi öýlerine gelensoň, söwdagäri çagyryp, onuň zatlaryny yzyna
gaýtaryp beripdir.