27.10.2022
Gidäýsem hiç aglama,
Ýol ýetmez mazarma...
28.10.2022
Geçen güni ýatlama,
Yza dolanmaz asla...
Soňky demim sanamda,
Tutaýmagyn adymy...
Içde goýup armanyň,
Ökünjegem bolmagyn...
Mençe bolmaz hiç kimse
Hemme kişi ýekeje...
Saňa şuny aýdaýyn,
Gaýtalanmaz hiç sene..
Ençe ýyllar geçipdir,
Geçip gider bu günem...
Aýdanym aýtdygymdyr,
Mydam dursun aňyňda...
Ýyl ýyllanyp aý geçer,
Köp günler unudylar...
Näçe hereket bolsa-da
Soňky günüm aňda galar...
Gel, başda duýduraýyn,
Arman bolmasyn soňra...
Gel, birje göreýinle,
Ahmyr bolmasyn soňra...
Ol günem uzakda däl,
Bolşuň şu bolsa seniň...
Arzuw edip bu köňül,
Gelerňe garaşýar seň...
Garaşýaryn ýene - de
Tä soňky deme çenli...
Iň soňky pursatda - da
Aýdaryn senli sözi...
Lebiz agyzdan çykýar,
Her kim berip bilmez ony...
Seniň lebiziň bardyr,
Unutmaryn hiç muny...
Gataşýaryn ýoluňda,
Intizar gözlem saňa...
Geljek bolsaň gelsene
Sabyr gutardy mende...
Boldy indi gutardy,
Sözlerimde soňlandy...
Garaşyp soňky demimde
Aýdyp durun şulary...
Gelme, gel, özüň bil,
Tabşyrmakçy janymy...
Eger diri galaýsam,
Ýene seni gözlerin...
Gözlege dowam edip,
Ençe menzil ýörärin...
Boldy sözleriň tüket,
Goýýan şu ýerde nokat...
Biriniň haýyşdy boýunça.