Gülhan
29.10.2022 13:24
Ýene howa garalyp, ýagyş çisňäp başlady. Leýlisaçlar eda bilen, saçlaryny çöşledi

Beýle pikir etmändim men, bu golaýda bu çakda,
Birden agyr oýa batdym, ölüm hakda, sen hakda.

Oýa batdym: ýoklugymda öňküsi deý ýagar ýagyş,
Gunçalar agzyny açar, aýnamyza çeker nagyş,

Dag tarapdan taýyp geler ýaşyl şemal näzik şemal,
Niçik oýa batarsyň sen meniň ýoklugymda şo hal.

Geldi şonda göz öňüme bir perişan halyň seniň,
Edil şunky howa ýaly, syýa ýaly şalyň seniň.

Hesretiň gara deňzinde gark bolup ýörşiň seniň.
Mensiz galan bu dünýäni dowzah deý görşüň seniň.

Diýdim şonda öz-özüme: “Eý ýok zatlaň pikirin eden,
Heý ýary şu halda taşlap, gidip bormy bu dünýeden?”

Gurbannazar Ezizow
20
147
Aydymch_oglan
29 Oktýabr 2022
Ýaşlar bagtly boluň malades 👍👍👍👍👍👍
sahyrlar_we_men
29 Oktýabr 2022
Sahyryñ gosgysyna bir dislike goymada.
abdy_dayy
29 Oktýabr 2022
Haysy posta girsen dislike

Mendwn like 👍🏻👍🏻
HangeldiAmanberdiýew
29 Oktýabr 2022
👍
wolf
29 Oktýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Aygozelka❤️🌹❤️🌹
29 Oktýabr 2022
👍👍🌹🌹❤️❤️❤️😍
gozelka
29 Oktýabr 2022
❤❤❤❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.