exculsive
28.10.2022 09:50
Amerikaly zenan internetdäki «Google Earth» ulgamyny gözden geçirýän wagty ulagda oturan başga planetalynyň üstünden barandygyny gürrüň berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Kristal Pattersonyň sözlerine görä, ol satuwa çykarylan garažyň ýerleşýän salgysyny anyklamak üçin «Google Earth» ulgamyndan peýdalanypdyr. Köçeleriň uly suratlaryny gözden geçirýärkä, zenanyň ünsüni duran ulagyň şekili çekipdir. Suraty golaýdan synlanynda, Kristal ýolagçynyň ornunda oturan başga planetalyny saýgarypdyr.

«Meniň kimi görendigimi kim aýdyp biler?» diýip, Kristal sosial ulgamdan peýdalanyjylara ýüzlenipdir.

Ulanyjylaryň käbiri Pattersonyň, hakykatdanam, haýsydyr syrly şekili görendigini tassyklasa, beýlekiler munuň optiki bozulmadygyny aýdýarlar, şonuň üçin suratdan başga planetaly gelmişegi gözläp oturasy iş ýok diýip hasaplaýarlar
5
293
Myhman Myhman
4 Noýabr 2022
Masgarabaz bolmagy hem mumkin
Aydymch_oglan
30 Oktýabr 2022
Myhman Myhman, näme boldy
Myhman Myhman
30 Oktýabr 2022
😒🙄
Aydymch_oglan
30 Oktýabr 2022
Myhman Myhman,ahmal

Myhman Myhman,howwalaý Amin🤲
Myhman Myhman
30 Oktýabr 2022
Gorkunc Alla gorasyn
Myhman Myhman
29 Oktýabr 2022
Şeýtanyň bir oýny bolaýmasyn
Myhman Myhman
28 Oktýabr 2022
Yalann
gozelka
28 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
Aydymch_oglan
28 Oktýabr 2022
✡ɆӾ₵ɄⱠ₴łVɆ✡, biz serhede sak dursak gelip bilmez
exculsive
28 Oktýabr 2022
Aydymch_oglan, bize gelip bilesi yok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.