Söýüp ýaşalyñ.
Aglap dünýä indik gülüp yaşalyñ.
Ähli barlyklary söýüp ýaşalyñ.
Alladan dilegim jan saglyk bilen,
Kurany Kerime uýup ýaşalyñ.
Guwanalyñ çagamyzyñ bagtyna.
Oýanalyñ säher Azan sesine.
Bir gözeli saýlap bu giñ älemde,
Şony söýüp hem söýülip ýaşalyñ.
Ynjytmalyñ ata bilen enãni.
Gozgamalyñ göçürmäliñ goñşyny.
Säher turup sylyp ýüze çagany,
Şol çaga deý, päkligimize ýaşalyñ.
Akmasyn gözlerden ajy göz ýaşlar.
Aksyn olar diñe şatlygymyz üçin.
Şu goşgyny okan eziz adamlar,
Mydam işimizi, şowlap ýaşalyñ.
Sähet ýazýar galam alyp eline.
Diller saýrap dursun, meñzäp bilbile.
Mydam ojagyñyzda agzybirlik bolup,
Agzalalygy çete, zyñyp ýaşalyñ.
Awtory: özüm
03.03.2020ý.