Eger el-aýaklaryňyza tiken çümen bolsa, ony aýyrmak kyn düşen halatynda ol ýere oňat edip kerosin çalyp, ýelim ýelmäp goýmaly.
Bedeniňde näbelli ýagdaýlara görä, gyzgynlyk ýüze çykanda, gyzgynlygy kada getirmek üçin sogany owradyp, çaý demlän ýaly demläp, günüň dowamynda birnäçe gezek içmeli.
Mör-möjekleriň çakan ýerlerine haýal etmän soganyň şiresini hasa siňdirip günüň dowamynda birnäçe gezek süpürgi etmeli ýa-da oňa soganyň mäjumyny günüň dowamynda 1-2 ýola ýapgy etmeli.
Mör-möjekler dişlände uly atgulagyň şiresini zeperli ýere çalmak hem örän peýdalydyr. Çybanlar çakandan soň, ol ýeriniň gijemesini aýyrmak üçin 1 çaý çemçesi hamyr sodasyny 1 bulgur suwa garyp zeperli ýerleri süpürmeli.
Çöl sakyrtgasynyň çakan ýerini 3 günüň dowamynda irden hem agşamlyk gyzyl ýod bilen suwap durmaly.
Çopantelpek kerosine 14 gün ýatyrylandan soňra tagtabitiň bar ýerlerine çalyp çyksaňyz, olardan dynarsyňyz.
Eger tagtabitiň çakmazlygyny isleseňiz, onda elleriňizi, aýaklaryňyzy we beýleki açyk ýerleriňizi balyk ýagy bilen süpüriň! Olaryň ýaşaýan ýerlerini balyk arassalanylan suw bilen ýuwup çykyň! Şeýle edilende ýeke bir onuň özi däl-de, ol tutuş tohumlary bilen ýok bolup gidýär.
Adaty ary, gyzyl ary çakan halatynda sarymsak şiresini hasa siňdirip, zeperli ýere ýapgy etmeli. Ýa-da ol ýere ynsanyň peşewini hasa siňdirip ýapgy edilende, awamasy tiz aýrylýar.
Eger-de, öý garynjalarynyň bar ýerlerine sarymsak çalyp çyksaňyz, olar gider. Garynjalar badyýanyň we soganyň ysyny hem halamaýarlar.
Siňekler garagat we çernika ösümliklerinden gorkýandyklary üçin öýleriň töwereklerine olardan ekilse peýdasy köpdür. Ýa-da olary gülleri, ýapraklary, çybyklary alyşdyrylyp, öýde goýulsa siňeklerden goranmaga kömek edýär.