Dowvvran
27.10.2022 16:31
Beýik taňryň togsan dokuz ady bilen,
Başladym sessiz, galamyň dady bilen,
Han, tihan, işan, ahun, myhman, sylan,
Ýaş, juwan, ir ölenleň ýady bilen.
Ýoklukdan bar eden sen,
Baýlykdan zar eden sen,
Harlykdan han eden sen,
Hanlykdan har eden sen.
Biz ýatsak-da sen oýa,
Parh goýman deň goýa,
Biz gapyl sendiň oýa,
Sen jan berdiň dem goýa.
Ýoluň doly bereketden,
Rysgal paýlan hereketden,
Diýdiň sen bizi terk etmen,
Adyl sensiň şerk etmen.
Ileri görmediň garadan agy,
Parh goýmadyň düzden dagy,
Deň tutduň sen gyş hem ýazy,
Diýdiň deň tut köp hem azy.
Begenen sendiň begenenime,
Geregiň ýokdur eglenime,
Şükür edýän berjegiňe,
Käte alyp hem bereniňe.
Asyl alynmaz pul bile,
Ýanyp gömülmez kül bile,
Waspyň bolmaz dil bile,
Azdyr tutsam gül bile.
Inç adyň delminene*,
Dynç ýadyň her bilene,
Sen berýäň, menden dileme,
Sen bilgiçdiň her bilene.
Ýakyn sensiň damardan,
Hädir sensiň ýatandan,
Habardar her habardan,
Haýyr beren sen hatardan.
Açgyn ýüregime sen ýoly,
Biz boş bildim sen doly,
Çölde galsam sen gora,
Süýji diýmäň her şora.
Açdyň ýolumy sen toba,
Diýmediň dur sen noba**,
Berdiň haýbaty sen jora,
Bereketi berdiň her oba.
Ot döretmedi ýakmana,
Bermedi zynjyry dakmana,
Bermedi dili bize çakmana,
Aýagy-da bermedi kakmana.
Hetden çenden sen aşyp,
Sen bendäňe çyn aşyk,
Biz haýranlar hem çaşyp,
Senden kim bize köp aşyk?
Göz üstünde ýakyn gaşdan,
Güýçli geçer demir daşdan,
Päk sen her daman ýaşdan,
Doky sylap geçer açdan.
Mekge nesip eden haja,
Ilki hudaý soňky pul.
Dosty ýakyn eden saňa,
Ilki hudaý soňky pul.
Mariza*** bil şypa beren,
Ilki hudaý soňky pul.
Adama bil baha beren,
Ilki hudaý soňky pul.
Özüni tapan hudaýy tapar,
Töhmet ýapan hudaýdan tapar,
Ýol ýitiren tapman çapar,
Adaşman-da çapman tapar.
Näşedeýin diýip näşe etme,
Oňarjagyňy kaş etme,
Bar zadyňy gadyrlap,
Altyň bolsa bäş etme.
Hak ýoly sil almaz,
Hak nähaka bilanmaz,
Taňry bendä gynanmaz,
Gadyr bilmän sylanmaz.
Ajal jany ir almaz,
Ýaşy saýlap pir almaz,
Palta alan ele pil almaz,
Her çopan bolmaz pygamber.
Agzybirlik ölmesin,
Solan güller güllesin,
Tiken törde döremesin,
Ýalan sözler ýaramasyn.
Kölegeler dar bolmasyn,
Çörege-de zar bolmasyn,
Ölen ýylar ýaz bolsun
Ýalan sözler saz bolsun
Her kim gezse saňa taý,
Aýy,güni,ýyly,waý

Emin rasen
22
122
Myhman Myhman
27 Oktýabr 2022
Slm
Dowvvran
27 Oktýabr 2022
Halaýanyňyzy bilip goýdum (diýen bolaýynmy😅😅)
Maýa06
27 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻menem diňleýän ýamman gowy aýdym🥰
wolf
27 Oktýabr 2022
👍🔥👍🔥👍bet
mgm
27 Oktýabr 2022
gozelka,Mn oglum diyen aydymynam halayan su Emin Rasenin
gozelka
27 Oktýabr 2022
Emin Rasen aydymlaryny halayan🥰
Relax
27 Oktýabr 2022
👍🏻 ine muny diñleseñ bolýa
ichki_dunyam_officiall
27 Oktýabr 2022
👍.......
jemal_seyitniyazowa
27 Oktýabr 2022
👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻
mgm
27 Oktýabr 2022
Menem dinleyan sul aydymy * bellanleriniz eyranca bolaymasa mna seyle pikir edyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.