Gülhan
27.10.2022 15:13
"– Bir aýagy ýokmuş, balam, dyzyndan,
Eneň entek iren däldir gyzyndan".
"– Dyzyna berýäňmi gyzy oglanyň?
Maňa gerek zady ýüregi onuň".
"– Ýürek näme, syna sagdyn durmasa?"
"– Syna näme, ýürek batly urmasa?
Ýykman diýip wada edipdiň sözümi,
Aýralygyň agysynda özümi...."
"– Men beýle zatlary diýemok saňa"
"– Şol bolmasa her bir günüm ýas maňa!"

"– Şolmy indi bütin dünýäň diregi,
Iliňkiden artykmaçmy ýüregi?"
Neneň jogap bersin beýle sowala?
Düşdi gözel ýene agyr bir hala.
Gahar etdi, öz içini gepletdi,
Göz alardyp enesine seretdi

"– Sag wagtynda menem garşy bolmandym,
Ýadyňdadyr, sözüň ýere salmandym.
Emma bir maýyba gül ýaly gyzym,
Bermäge razy däl, diňleseň sözüm.
Ýedi biçip, bir kesilýän şu işdir,
Oýlanman iş etseň, puşmanyň hiçdir".

"– Mähribanym, eziz enem, gulak sal,
Ýedi biçmän, ýetmiş biçdim men ozal".
"– Müň-de biçseň keýgim, kelte biçipsiň".
"– Ýok, eje jan, aldaw meýin içipsiň".

Neneň diliň barýar diýmäge "maýyp?"
Eje jan, eje jan, dälmidir aýyp
Watan diýip gan döken bir gahrymana!
Seniň düşünşiňe, Begenç hamana
Agaçdan asylyp, ýa ýapdan böküp,
Ýa ýaglyga towsup, ýa gorpa çöküp,
Düýeden ýykylyp, palçykdan taýyp,
Gudurap boş ýere bolupmy maýyp?
Ýok, ýok, beýle däldir, oýlan, eje jan,
Biz üçin akandyr aýakdan al gan!"

AMAN KEKILOW "Söýgi" romanyndan
37
289
Gülhan
28 Oktýabr 2022
Myhman Myhman, roman bu. Lyuboy kitaphanada tapylýandyr, näm bolsada realny eliñde okanyn bashgacadyr 💖

Myhman Myhman, Ýazmasy agyr düşenem, has agyr düşenem paýlaşpdm. Adyny ýazyp gözledp okap bilersinz.
Myhman Myhman
28 Oktýabr 2022
Gaty gowy goryadim su romany bu roman mn durmusymda uly bur ustunlige alyp bardy💖💖💖

Siz indiki sapar Kerim Gurbannepesowyn ,,Yazmasy agyr düşen gosgy,,eserini goyayynda
Selwi
28 Oktýabr 2022
😗😗😗😗😗
Neo
28 Oktýabr 2022
sahyrlar_we_men, nace adam okamak isleya sony bilmek ucin yazdym
sahyrlar_we_men
28 Oktýabr 2022
Neo,dolulygyna goysañ onsuzam like basylya dost...
Yaraly
28 Oktýabr 2022
👍👍👍👌👌
Neo
28 Oktýabr 2022
su gosgyn doly gornusini okasynyz gelyami onda mana like bas +5 den gecse goyjak
Aydymch_oglan
28 Oktýabr 2022
Aygozelka❤️🌹❤️🌹, 👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏gawy roman gyş barada
Aygozelka❤️🌹❤️🌹
28 Oktýabr 2022
Gys yensesin berip ummaga gacdy❄️🌨️. Gun yagty sohlesin aleme sacdy.☀️🌄 Eredi ak garlar ala daglarda🏔️⛰️. Zeminin bezegi- bezegi gara baglarda.🌳🌳 Acyldy al yasyl renbe-ren guller💐. Sahasynda jak-jak uryar bilbiller.🐦

Romanyn basy su
Aydymch_oglan
28 Oktýabr 2022
Gawy roman ýazylan goşgy malades 👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.