lord
26.10.2022 21:39
1. Her bir adam günde azyndan 15 gezek oýanýar. Bu bilen ol bir ukysyndan beýlekisine geçýär. Emma, ol birinden beýlekisine geçmek şeýlebir gaty gysga we tiz bolýar welin, biz ony duýmaýarys.

2. Pil 1 minutda 10 gezek dem alýan bolsa, syçanlar 200 gezek dem alýar.

3. Günüň "poçta markasy" göwrümüne deňeçer bölegi 1,5 million lampanyň berýän ýagtylygy ýaly ýagtylyk berýär.

4. Bir adam ýylda ortaça 84 million gezer gözüni gyrpýar.

5. İslandiýaly alymlaryň alan Nobel baýraklary, öz ýurdunyň 1 million adamyna 3 sany Nobel baýragy düşýär.

6. 100 ýaşyna çenli we ondan köp ömür sürýänleriň 80%-ini aýallar düzýär.

7. Her ýyl milliardlarça deňiz jandarlary we guşlar plastik zyňyndylary ýuwutmak bilen ölüm tapýar.

8. Deňiz suwy düzüminde altyn juda az mukdarda. Dünýä derejesinde suwda 10 milliard tonna altyn bardyr.

9. Dünýäde ilkinji dermanhana 1000-nji ýylda Bagdatda açylypdyr.

10. Bütin dünýäde 10% erkek, 8% aýal çepekeýdir.

11. Tirsek goýup oturylýan stollar mundan 400 ýyl öň döredilipdir.

12. Çagalar 6-7 aýlyk wagtlary hem nahar iýip, hemem dem alyp bilýärler. Ulylar muny başarmaýarlar.

13. Her ýyl Ýeriň d.g. ýarym şary gar we buzluklar netijesinde ýer 10 trillion tonna çenli agyrlaşýar.

14. İň köp köpri Sankt-Peterburgda- 539 köpri bar.

15. Pluton planetasy Günüň daşyndan 247 ýyldan bir gezek aýlanýar.

16. Ýer şarynda iň köp ýaýran mineral kwarsdyr.

17. Ýumurtga Hytaýda dirilik alamatydyr. Eger maşgalada ogul çaga dogulsa ýumurtgany gyzyla boýaýarlar.

18. Öýleri belgilemek XVIII asyrda Londonda peýda bolupdyr. Oňa çenli öýler öý eýeleriniň atlary bilen atlandyrylypdyr.

19. "Eman" agajy 1000 ýyla çenli ýaşaýar. Ömrüniň 80 ýylyny dikligine, ondan soň gapdallara ösýär.

20. Pişikleriň öň aýaklary islendik tarapa gaňrylyp bilýär.

21. Dünýädäki iň uly guýy İordaniýanyň Meheýba töwereginde ýerleşýär. Ol guýy sagadyna 9 müň kubmetr suw berýär.

22. Dünýädäki iň "Öli" köl Sisiliýadaky köl bolup, onuň aşagynda iki sany kislotaly bulak bardyr.

23. Garaňkylykda bir minut dursaňyz, gözüňiz 10 esse ýokarlanýar. 20 minutdan soň bolsa bu mukdar 6 müň esse ýokarlanýar.

24. 2003-nji ýylda täze sport görnüşi resmi ýagdaýda döredildi. Ol "Şahboks" diýlip atlandyrylyp, şahmat we boksy özünde jemleýär.

25. Adam ömri dowamynda 100 müň kilometr pyýada ýöreýär.

26. ABŞ-da takmynan, 2,383 million Smit familýaly adam bar.

27. Hemme guşlar aşaky çüňküni herekete getirse, Baýguş ýokarky çüňküni herekete getirýär.

28. İtaliýada iň giň ýaýran at- Mario Rossi.

29. Hytaýda 90 million adam Li familýasyny göterýär.

30. Ýewropanyň iň şemally ýeri Şotlandiýa, ol ýerdäki şemallar bütin Ýewropa şemal energiýasynyň 25%-ini berýär.

31. Baýguş başyny wertikal 270 dereje, gorizontal hereket boýunça 180 derejede aýlap bilýär.

32. İň köp öndürilen awtomat "Kalaşnikow" awtomatlarydyr.

33. 4 ýaşly çagalar bir günde ortaça 450 sany sorag berýärler.

34. Adamy öldürmek üçin ony 100 müň sany çybyn çakmalydyr.

35. Kit dünýädäki iň syrly haýwandyr. Sebäbi, ol hiç durmaýar, diňe ýüzýär.

36. Bütin dünýädäki maglumatlaryň 80%-i iňlis dilinde saklanýar.

37. Söýgi temasyndan kösenýänleriň 75%-i 14-20 ýaşyndaky ýaşlardyr.

38. Her dört adamdan biri klawitura seretmezden hat ýazyp bilýärler.

39. Poçta hyzmaty mugt bolan ýeke-täk döwlet- Andorra.

40. Düýeleriň iň uly populýasiýasy Awstraliýada.
18
246
olia
2 Fewral 2023
Myhman Myhman,eger sag tarapdan dushse sag elin kolegesi yazan yerine dushup onaysyz bolyany ucin
ideallider
2 Fewral 2023
Myhman Myhman, sebäbi ýazanyň gowy görünmegi üçin bolaýmasa🙄👍
Myhman Myhman
5 Noýabr 2022
Name ucin hat yazylanda yagtylyk cep tarapdan dusmeli bilyaniniz bamy
Myhman Myhman
30 Oktýabr 2022
Bitter gözüne linza dakýaňmy?Görejin kütekmi
Myhman Myhman
27 Oktýabr 2022
Salam gowmy jigimjan gowmy okuwlaryn 👋......bu Kuwadowa04
wolf
27 Oktýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
ideallider
27 Oktýabr 2022
Şahboks, göçüm, urgy😄👍
Myhman Myhman
26 Oktýabr 2022
1 gaty dogry jigim yatan wagty kino göreýin diýsem her ýarym sagatdan gözüni açyp ýumýada ertr

Esiöýdäkiker şahlaýa

😢😥😢
NurberdiyewaAylar❤️
26 Oktýabr 2022
💜💜💜gyzykly
Relax
26 Oktýabr 2022
👍🏻✨....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.