BaýramBejidow
26.10.2022 21:35
Sen gelseñ ýüregmiñ ýarasy biter,
Sen gelseñ gussalam uçar başymdan,
Gögele göwnümi büräp tämizlik,
Ýalñyzlyk aýlanyp geçer daşymdan.

Sen gelseñ, gunçasyn açar güllerim,
Sen gelseñ gyş günlem öwrüler ý:aza,
Özini ýitiren özümi tapyp,
Mukamym goşaryn ajap owaza.

Has-da gözelleşer dünýäniñ ýüzi,
Ýüzümde ýylgyryş ýer bermäz gussa,
,,Ynam" atly duralgada durun men,
Garaşýan gelerñe, sagady gyssap.

Kalbyma nuryny çaýar gözleriñ,
Lukmanym sen, dertlerime em eden,
Men seni söýerin, irmen söýmekden,
Meni dünýä getirseler ýene-de.

Sen gelseñ ähli zat şowuna bolar,
D:aşa eken tohumlarym şinelär,
Ýalanlardan ynjan, çäkli ömüri,
Sen gelmeseñ, hasratlarym güýmeýär.

Umyt sönmez, ýazgydymda barlygña,
Garaşaryn gursagyma dem gelse,
Üns bermen bu dünýäniñ darlygna,
Älem giñär bagtym bolup sen gelseñ.

Awtory: Baýram Bejidow
15
108
Aygozelka❤️🌹❤️🌹
28 Oktýabr 2022
👍👍👍
Myhman Myhman
27 Oktýabr 2022
Baraýsammykam?🤔
Selwi
27 Oktýabr 2022
😗😗😗😗😗
wolf
27 Oktýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Myhman Myhman
26 Oktýabr 2022
❤️❤️❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.