BaýramBejidow
26.10.2022 01:08
Barybir sensizlik kyn gelýär maña,
Aranyñ daşlygy edenok täsir,
Janymdan eý görüp, ezizläp her dem,
Seni hiç görmezden söýmegim täsin.

Ynan hiç bir zada çalyşman seni,
Señ ýeriñi dolup bilmez öñýeten,
Adyñy kalbymda möhürläp goýdum,
Belki unudaryn geýemde kepen.

Senden başga görünenok gözüme,
Seretsene edil gözli kör ine,
Kemli göwnüm şonda ynjalyk tapar,
Gelnim bolup geleniñde törüme.

Goý, gepimiz edibersin bahyllar,
Gulak asman, saña bolan ynam bar,
Iñ bolmanda, bu çäklije ömürde,
Senli günleñ geljegine ynanýan.

Çañ durmuşyñ dyrnaçaklap ýüzüni,
Kyn bolsa-da saña tarap iterin,
Söz beremok, ýöne demim durmasa,
Senli güne bir gün hökman ýeterin...

Awtory: Baýram Bejidow

39
272
Myhman Myhman
29 Oktýabr 2022
Ýurek gazan bolsa dil on cemcesi....
melek06
26 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻
Myhman Myhman
26 Oktýabr 2022
Oran gowy
atakulyyewa_humay
26 Oktýabr 2022
👍👍
Aydymch_oglan
26 Oktýabr 2022
Margo99, gowmy ýagdaýlarňyz
Margo99
26 Oktýabr 2022
Aydymch_oglan,salam
Aynabat2004
26 Oktýabr 2022
👍👍👍👍👍
lalahan
26 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
Myhman Myhman
26 Oktýabr 2022
Brawoo👏👏👏
zolushka
26 Oktýabr 2022
Belki unudaryn geýemde kepen....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.