Bilýän eje, saña-da kyn düşýänin,
Wagtynda etmekçi, işikli-öýli,
Men-ä diñe kitaplarda okapdym,
Barmy ýa durmuşda hakyky söýgi?.
,,Tapyn" diýýäñ, iller ýaly taýyñy,
Öñkije jogabym sözläýin eje!,
Ýa bagt gizlenýär, ýa onuñ özi,
Barmyka asyl meñ gözlänim eje!.
,,Bagtym" diýip, imrinäýsem birine,
Ynamymy çepbe-çöwürýär eje,
Sen hemişe öz ýüregñe osýarsyñ,
Adamlar aldawçy, döwir däl eje!.
Bu bolşuma käýinýärsiñ käteler,
Durmuş hakda pikirlermi kötekläp,
Çyndan söýseñ nyrhyñ arzan jan käbäm,
Puluñ üçin gelniñ boljak süpik kän.
Ynan käbäm, ýüziñ ýere salmaryn,
Uly bagt inermişin aryşdan,
Sabyr etsem bagtym heýde gelmezmi,
Gelerine umyt bilen garaşsam.
Awtory: Baýram Bejidow