Begga99
25.10.2022 19:41
Eje, bu gijeler şeýle bir uzak
Wagty bilen atanoga dañlaram.
Ýalñyz galanymy bileni bari
Meñ ýanymdan gidenoga gamlaram.

Eje,bu giñ şaher şeyle bir sowuk,
Doñup barýar barmaklarym gögerip,
Öñler bu şäherde aýdym aýdýardym,
Bokurdagma sygdygyndan gygyryp.

Eje,günler maña şeýle bir agyr,
Dyzlarymda ejizleme duýulýar.
Aýdybam bilemok entek kop zady,
Eger aýtsam ene kalbyñ gyýylýar.

Eje, näme üçinka çep tarapymda,
Göterip ýören deý dünýäniñ ýükün.
Ejeler älemiñ hany diýilýär,
Meni beýtmezlige beraýiñ höküm.

Eje, janym ejem, mahriban ejem,
Garypja ogluña köp görip munam,
Bar baýlygym gülki bilen bagtdy,
Rehimsizler gelip aldylar onam.

Awtory: Hommat Hommadow.
13
107
Ğülşat🌹🌹🌹
26 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
Begga99
26 Oktýabr 2022
Myhman Myhman, aydanyn bolsun 👍
Myhman Myhman
26 Oktýabr 2022
Tüweleme,gowyja ýazylan,Ejelermiziñ jany sagbolsun🙈
Selwi
25 Oktýabr 2022
😗😗😗😗😗
Begga99
25 Oktýabr 2022
agayunus, 👍👍👍
agayunus
25 Oktýabr 2022
Gaty gowy manyly gosgy eken.ejelerimizin jany sag bolsun.
Myhman Myhman
25 Oktýabr 2022
👍
Begga99
25 Oktýabr 2022
Myhman Myhman, oran gowy pikir
abdy_dayy
25 Oktýabr 2022
Like 👍🏻
lalahan
25 Oktýabr 2022
Diysen gowy gosgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.