Şybyr şybyr ýagyş ýagdy bu säher,
Salyň ýada geçen bahar aýdymyny.
Duýdum damjalaryň tolgunşyn synlap,
Ýaňja seniň keşbiň görüp gaýdanny..
Synlap duryn kalby nurana ýuwup,
Kümüş dürleň gökden täsin dökülşin.
Bu ömürde bolan boljak zatlara,
Ne-hä howsalam bar, ne-de ökünjim...
Asyl dünýe döräp, gussa, gam, arman,
Hiç bolmadyk ýaly, bolmajak ýaly.
Göwnüňe göwün deý açylan güller,
Müň añzak geçsede solmajak ýaly..
Adamlar hiç haçan ölmejek ýaly,
Bar zat, bar zat häzir şeýle ezizle.
Sen bar, men bar, hem tans edýän ýagyşlar..
Ýüregi suwlyja bu giň zeminde.....
Gyzylgül Annagylyjowa.