violinist
25.10.2022 01:59
Bilýäňmi, ikimiz şeýle erteki,
Gam laýyna batan başdan aýagna.
Çagalara okap berip bolmajak,
Erteki biz, bizi diňe okanlar
Ýüreklerniň törlerinde goýarlar.

Biz şeýle erteki-gudratdan azat,
Ajy gözýaş bilen ýuwulan sahna.
Biz şeýle erteki—Leýli-Mejnunyň,
Kalbyna sygmadyk gussasy hakda.

Akyla sygmajak gahrymanam ýok,
Biz ikimiz hem düşnüksiz duýgular.
Mährimiz bar, ýöne "Mähribanym" ýok,
Bakyýa çen aýralygy buýrulan.

Başlangyjy-da ýok, ahyry-da ýok,
Güneşi bar ýöne asla dogmajak.
Bilýäňmi, ikimiz şeýle erteki,
Müň däl, million gijelere sygmajak.

Biz kesir, kesirlik yşkyň öňüne,
Böwet bolýan bir düşnüksiz ýol eken.
Bilýäňmi, ikimiz şeýle erteki,
Bir bar, soňam hemişelik ýok eken...

Aşyr Hanow
9
108
jemal_seyitniyazowa
25 Oktýabr 2022
violinist,🍃❤
violinist
25 Oktýabr 2022
jemal_seyitniyazowa,Müň däl, million gijelere sygmajak...:)
jemal_seyitniyazowa
25 Oktýabr 2022
Bilyäňmi, ikimiz şeýle erteki...
LORD
25 Oktýabr 2022
Sözüm ýok☺
ylham_gurbanaly
25 Oktýabr 2022
Bir bar, soňam hemişelik ýok eken...
Myhman Myhman
25 Oktýabr 2022
Estrada görnüşde aýdyp boljak eken şu goşgyny aýdyma öwrüp
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.