Perishdejik
23.10.2022 16:58
Gün dogar, Aý dogar öz wagty bilen,
Öz wagty gelende süýjär almalar.
Başagaý durmuşda darykma, kalbym,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Bir ömürde müň alada-gaýgy bar,
Adamlaryň garasy bar, agy bar.
Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Bugdaýa suw tutsaň, çaýyr-da ganýar.
Laçyna öýkünip, garga-da gaýar.
Çybyklar çüýreýär, töňňeler galýar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Eşegiň yzyna tirkelen düýe
Namysdan ölenmiş öz etin iýe...
Urpak tozap gider, butnamaz gaýa,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Mydam bolup durmaz dokuzyň doly,
Başyňy belent tut, pesde tut päli.
Küşdüň mallarynyň dikilşi ýaly,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Awtory:Berdinazar Hudaynazarow
23
167
Ğülşat🌹🌹🌹
26 Oktýabr 2022
👍👍👍👍👍
g.jahan
26 Oktýabr 2022
😚
Perishdejik
26 Oktýabr 2022
g.jahan,bolar bolar onun ucin dine sabr etmeli:))
g.jahan
26 Oktýabr 2022
Menem özimi şu goşga oÿnatÿan yone ÿerbe ÿer bolÿan zat ÿok

👍
Perishdejik
24 Oktýabr 2022
Attractiveboy,butterfly,👍🏻👍🏻👏🏻👏🏻
butterfly
24 Oktýabr 2022
👍👍👍👍👍
SerdarMyradov
23 Oktýabr 2022
Perishdejik,⚘⚘⚘
Attractiveboy
23 Oktýabr 2022
👍
Perishdejik
23 Oktýabr 2022
HangeldiAmanberdiýew,👍🏻👍🏻
HangeldiAmanberdiýew
23 Oktýabr 2022
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.