Mähriş
23.10.2022 11:33
Adamlar bagyşlaň birek-biregi!

Iman eseridir-geçirimlilik,
Adamlar bagyşlaň birek-biregi!
Ynsap keseridir - geçirimlilik,
Adamlar bagyşlaň birek-biregi!

Öýkeli gezmeklik günädir-ynan,
Ýaraşsynlar göwni syndyran- synan,
Hiç kim perişde däl Asmandan inen,
Adamlar bagyşlaň birek-biregi!

Ýagşylar hemişe hoşluga ýardyr,
Oňşuksyz bendäniň dünýäsi dardyr,
Birinde bar kemlik -hemmede bardyr,
Adamlar bagyşlaň birek-biregi!

Göwün gapysyny açyp bilýänler,
Töwella-tobany seçip bilýänler,
Beýikdir günäni geçip bilýänler
Adamlar bagyşlaň birek-biregi!

( Gysgaldylyp alyndy)
7
82
Mähriş
24 Oktýabr 2022
Myhman Myhman, 😊😁
Myhman Myhman
24 Oktýabr 2022
Mähriş , dogry aýtýaň bu gün göreni erte ýok söýgem şolar ýaly däl söýen gyzyň bu gun bar erte ýok 😬
Mähriş
24 Oktýabr 2022
Myhman Myhman, oñarýañ bu gün göreniñ erte ýok elmydama bagyşlagyn😔
Myhman Myhman
24 Oktýabr 2022
Mährişa , menem kä wagtlar bagyşlap bilýän
melek06
24 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻
Myhman Myhman
23 Oktýabr 2022
Bu gaty gowy hemişe şeýle bol!
Mähriş
23 Oktýabr 2022
Myhman Myhman, howwa men giñ adam
Myhman Myhman
23 Oktýabr 2022
Sen bagyşlap bilýäñmi???
Ğülşat🌹🌹🌹
23 Oktýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍
mgm
23 Oktýabr 2022
👍👏👏👍👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.