Gülhan
23.10.2022 08:45
Telefondan gelýär seniň mähirden,
Aladadan dolup duran owazyň.
"Gyzym, galyň geýin, üşäýme birden,
Bilip bolmaz güýz gününiň howasyn!"

Nämedir bir zady küýsärin hem-de,
Uzyn asfalt ýoly giderin boýlap.
Asman aglap bolup ýagyş diňende,
Ötegçi şemallar saçymy oýnar...

Kalbyma müň dürli hyýal ekerin,
Ellerim kisämde, gözüm asmanda.
Ähli zatdan dilgir, bolýan ekeni,
Ynsan öz-özüne dözüp başlanda...

Telim soraglarym galar jogapsyz,
Soňsuz gussa bilen o:t alar içim.
"Şu günler adamlaň kalby sowapdyr,
Üşäýme!" diýsene, mähriban ejem! ...
20
166
Myhman Myhman
23 Oktýabr 2022
Gülhan , awtory senmi ýa başga birimiz
wolf
23 Oktýabr 2022
👍🔥👍🔥👍suraty gaty haladym 😏
Maýa06
23 Oktýabr 2022
Gowy goşgy eken
Begga99
23 Oktýabr 2022
Gowy gosgy awtory kimka 👍👍👍
gozelka
23 Oktýabr 2022
🥰🥰🥰🥰
Myhman Myhman
23 Oktýabr 2022
😢
HangeldiAmanberdiýew
23 Oktýabr 2022
,👍👍
Myhman Myhman
23 Oktýabr 2022
Güýzde noýabrda gar ýagarmyka şu gyşda gyş aýlary geçýänça gar ýagsa gowy bolardy malades gowy post 👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍
jemal_seyitniyazowa
23 Oktýabr 2022
Ähli zatdan dilgir, bolýan ekeni, Ynsan öz-özüne dözüp başlanda...❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.