ay_kiz_
22.10.2022 17:11
Söýgi däneleri❤

Sen maňa «Meni unudaňok gerek?» diýýärsiň.
Unutmak üçin seni ýatdan çykarmak gerek. Sen hemişe ýadymda. Seni ýatlaýarkam, özümi unudýaryn, seni weli asla…

* * *

Ol sözleri aýdanyňda, derdim täzelenen ýaly bolýar. «Men seni söýýärin» diýeniňde, edil sende bolşy ýaly, meniň hem aglaberesim gelýär.

* * *

Ýüregime düşünsediň. Ýüreksiz ýaşap ýörenimi bilerdiň. Sözlerime düşünsediň, sensiz sözümiň gurudygyny bilerdiň. Eger sen maňa düşünýän bolsadyň, onda sensiz meniň bir sansyz mahlukdygymy bilerdiň. Sen maňa düşünermikäň?!.

* * *

Ýaşaýyş üznüksiz aýlanyp dur. Onuň aýlanyşy ýaly, sen hakdaky pikirlerim hem aýlanyp, ýene-de senli ýatlamalara getirýär. Ýaşaýyş—bu sen. Sen barkaň ýaşaýyş, gör, nähili gyzykly hem-de… hem-de… ýürekgysgynç.

* * *

Seniň gelmegiň üçin ýekeje gün ýeterlik, meniň garaşmagym üçin bolsa tutuş ömrüm. Sen maňa tutuş ömrümiň ýekeje gününi sowgat berip bilmezmiň?!

* * *

«Güller saňa meňzeş» diýesim gelenok. Olar seniň gözelligiňçe, mähriňçe ýok. Ýöne olar gülleriň-de sowgat berilýän başga bir „Gülüň“ bardygyny bilýärmikäler?!

* * *

Bu dünýäde iki sany hakykat bar: ol seniň barlygyň hem-de meniň saňa söýgim. Ol hakykatyň garşysyna ýene-de iki sany hakykat bar: seniň ýoklugyň hem-de men. Bu dünýäde başga-da bir hakykatyň üsti açyldy. Olam sen we men…

***

Ýüregim gysýar. Sensizlik boýnuna goýlanyndan bäri ol muny endik edindi. Boýnuma alaýyn, ol seni halapdyr. Meniň däl-de, onuň saňa bolan söýgüsini kabul et! Hawa, ýüregimdäkini…

* * *

Saňa ýazan hatlarym saňa bolan söýgimi tutuşlygyna aňlatmaýar. Olar ummandan bir damja. Ýöne damjalaryň irginsiz damyp, daşy ýaryşy ýaly, bir gün men hem seni yraryn.

* * *

Şol bir wagt, şol bir gün, şol bir zat hakynda pikir edýärin: Sen ýadyma düşýärsiň. Seni ýatlap ýa-da ýatlaman ejir çekemok. Barybir, bu maňa ýeňil düşenok. Takdyryma şeýle paý berlipdir: diňe seni ýatlaýaryn…
13
141
Myhman Myhman
24 Oktýabr 2022
Myhman myhman , 🤦

Myhman myhman , aýdybermeli adyny açyp zad dällaý 😒
wolf
23 Oktýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
atakulyyewa_humay
23 Oktýabr 2022
Dogry 👍
Myhman Myhman
22 Oktýabr 2022
Myhman myhman , regastrasýa ýolda ady ýazan profiliňe

Gozelka , gowmy
gozelka
22 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
Myhman Myhman
22 Oktýabr 2022
Ony bilmek hökman dälä.

Myhman Myhman bilmek isleýäne aýtmak günämi näme? 😀
Myhman Myhman
22 Oktýabr 2022
Myhman myhman , adyň näme
Myhman Myhman
22 Oktýabr 2022
Güneşi gowy görýän diýýäñ, emma güneş çykanda kölegä gizlenýäñ, Ýagşy gowy görýän diýýäñ ýöne ýagyş ýagsa saýawany açýañ, Seni gowy görýän diýeñde gorkýaryn söýgilim...😍
Myhman Myhman
22 Oktýabr 2022
Ay_kiz _ , gutlaýan gowy post 👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍
perizadym
22 Oktýabr 2022
🤍🤍🤍🤍🤍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.