Men ýaşdym hem örän ynanjaňdym men.
Aladasyz oglan ömrün sürerdim.
Durmuşyň ajysy sigaret bilen
Bir bulgur piwodyr öýder ýörerdim.
Atam durmuş ajysyny dadypdy.
Ýöne, oň ýanyna baran mahalym.
Diýrdi, durmuş ýolyn özüň ädip gör,
Özüň oýlanyp çöz durmuş matalyn.
Dostym kändi, biri müňkür oglandy,
Biri gowy, biri ýöne gezende.
Günleriň birinde baryn ýitirip,
Täze bir ýürekdeş ýoldaş gazandym.
Ýol bilen barýardym, ýolagçy gördüm.
Ýadapdyr, ýanyna baryp daýandym.
Men oňa säginmän ulagymy berdim.
Ýerine ýürekden şatlyk gazandym.
Bildigimçe, özgelere öwretsem,
Özgelerden tälim alan ekenim.
Öz akylmy özgä berip,seretsem,
Öňkimden akylly bolan ekenim.
Şeýdip ýaşap ýörün dana çykýan dek,
Elmydam berk tutup atamyň pendin.
Ýöne, ajap günleň biri oglanjyk
Gelip durmuş hakda soraýsa menden,
Diýerin, durmuş ýolyn özüň ädip gör.
Özüň oýlanyp çöz durmuş matalyn.
GURBANNAZAR EZIZOW