ylham_1989
21.10.2022 23:47

Magnit meýdany we adam bedeni


Magnit – grek sözi bolup, magnitli daş diýen manysy bardyr. Magnit özüne dürli metal serişdeleri çekip bilýär, şonuň üçin halk hojalygynda, durmuşda giňden ulanylýar. Magnit ugur görkeziji komposlarda hem ýerleşdirilen. Komposyň magnit meýdany Ýer bilen özara täsir edişip, öz okunyň daşyndan aýlanmak bilen Ýer şarynyň demirgazyk polýusyny görkezýär.

Ýer şarynda magnit meýdanynyň üýtgemegi birnäçe gije-gündize çenli dowam etmegi mümkin. Ylmy dilde “Gün şemaly” diýip atlandyrylýan akym Ýer şarynyň magnitasferasyna täsir edýär. Gün şemaly ionlaşan akym bolup, onuň esasyny geliý wodorod plazmasy düzýär. Gün täjinden gelýän Gün şemaly älem giňişligine 300-1200 kilometr tizlik bilen ýaýraýar. Şeýle-de Ýer şarynda bolup geçýän köp tebigy hadysalar Gün şemalynyň akymy bilen baglydyr. Magnit meýdany Günden gelýän Gün şemalynyň derejesiniň aşa ýokarlanmagy netijesinde Ýeriň magnit meýdanynyň tiz we güýçli üýtgemegine getirýär. Bilşimiz ýaly, biziň planetamyzyň magnit meýdany bar. Ýöne Gün ulgamyndaky 9 planetanyň ählisinde birmeňzeş bolmaýar. Magnit meýdanynyň polýusy Ýer şarynyň geografiki polýusyna gabat gelýär. Ýer şarynyň magnit meýdany birnäçe million ýyllyk taryhyň dowamynda birnäçe gezek üýtgäpdir we häzirki derejesine gelipdir.

Magnit meýdany älem giňişliginden gelýän zyýanly täsirlenen bölekleri (protonlar we elektronlar) tutup saklap, Ýer şarymyzyň atmosferasyna goýbermeýär, ýagny şol magnit meýdanynyň töwereginde böwet bolup saklaýar, oňa ýeriň radiasion guşagy diýilýär. Haçan-da Günüň işjeňligi has ýokarlanan döwründe gaty uly tizlik bilen gelýän Gün şemaly sagatda 400-1000 kilometr tizlikde 1-2 gije-gündiziň dowamynda biziň planetamyza ýetýär. Şeýle güýçli akym ýer şarynyň magnit meýdanyny üýtgedip bilýär. Magnit meýdanynyň üýtgemegi hatda Ýer şarynyň ionosferasyny hem üýtgedip bilýär, ol hem biziň planetamyzdaky ähli radiotolkunlaryň geçirijiligine täsir edýär, netijede adamzat işjeňligindäki ähli pudaklara täsirini ýetirýär. Oňa mysal: kosmos, awiasiýa we beýleki tehnologiýalaryň elektron nawigasiýasyna transformatorlara, turba geçirijileriň üst ýüzi-de dürli täsirleri emele getirip, energetika ulgamyna uly zyýan ýetirip bilýär.

Magnit meýdanynyň üýtgemegini ýer ýüzüniň ähli ýaşaýjylary birmeňzeş duýmaýar. Adamyň beýnisinde howa şertlerine laýyklykda üýtgeýän gormonlar bardyr. Magnit meýdany üýtgände, birdenkä beden gormonal üýtgemelere uýgunlaşyp ýetişmeýär. Netijede, beden, hususan-da merkezi nerw dartgynlylygy we ýürek ulgamlarynda nogsanlyklar, akyl zähmetine ukybyň peselmegi, ukynyň bozulmagy, göwniçökgünligiň, sussupesligiň, gowşaklygyň ýüze çykmagy, nähilidir bir ynjalyksyzlygyň duýulmagy bilen näsazlyklar ýüze çykýar. Aýry-aýry adamlara, has agyr täsir edýän şeýle ýagdaý “meteobaglylyk” diýlip atlandyrylýar. Sagdyn adam daşky gurşawyň şertleriniň üýtgäp durmagyna, şol sanda magnit meýdanynyň üýtgemegine dem alyşyň we ýürek urgularynyň ýygylygynyň, arterial gan basyşynyň derejesiniň üýtgemegi bilen jogap berýär. Magnit meýdanynyň üýtgemegine esasy howply topara girýän adamlar: olara, köplenç, ýürek-damar ulgamynyň, nerw ulgamynyň keselleri bilen syrkawlanlar, gartaşan adamlar, çagalar, göwreli aýallar, psihoemosional durnuksyz adamlar has duýgur bolýar. Magnit meýdanynyň üýtgemegi bilen adam bedeninde dürli bozulmalaryň, şol sanda endokrin bozulmalaryň ýüze çykmagy, immunitetiň peselmegine itergi berip, ganyň goýulaşmagyna getirip, netijede ýürek-damar we nerw ulgamynyň, aşgazan-içege keselleriniň işiniň näsazlyklary ýüze çykyp başlaýar. Magnit meýdanynyň üýtgemegi Ýer şarynyň ähli ýerinde birmeňzeş bolmaýar, ol esasan, Demirgazyk polýusa ýakyn sebitlerde Norwegiýada, Şwesiýada, Finlýandiýada, Russiýa döwletiniň demirgazyk sebitlerinde Arhangelsk töwereginde has aýdyň bildirýär. Şeýle hem Ýer astynda–şahtalarda, metroda işleýän adamlara magnit meýdanynyň üýtgemegi gaty ýaramaz täsir edýär we ýürek-damar keselleriniň ýiti görnüşi ýygy duş gelýär.

Magnit meýdanynyň saglyga zyýanly täsirini peseltmek mümkindir. Munuň üçin:

– çilim çekmek, alkogolly içgileri içmek ýaly zyýanly endiklerden gaça durmaly;

– nerw dartgynlylygyna duçar edýän ýagdaýlardan gaça durmaly, beden we akyl zähmeti bilen işjeň meşgullanmakdan saklanmaly;

– agşam ukynyň kadaly bolmagyny üpjün etmek üçin rahatlandyryjy dermanlyk otlaryň petini içmeli;

– magnit meýdanynyň üýtgemegi ganda holesteriniň mukdarynyň köpelmegine sebäp bolup biler, şonuň üçin aşa ýagly, agyr naharlardan gaça durmaly, gowusy şüle, gök önümler, miweler, balyk ýaly önümler bilen ýeňil iýmitlenmeli. Eger-de ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän bolsa degişli dermanlary öz wagtynda kabul etmeli. Eserdeňlik bilen saglygymyza seretmek biziň borjumyzdyr.
20
126
jemal_seyitniyazowa
22 Oktýabr 2022
Dermanlyk otlar peýdaly dogry maslahat aptekdaky dermandanam Peýdaly
Myhman Myhman
22 Oktýabr 2022
Bu programa nadip ulanylyar
gozelka
22 Oktýabr 2022
Gaty gowy post
SerdarMyradov
22 Oktýabr 2022
like👍👍👍
butterfly
22 Oktýabr 2022
👍
agayunus
22 Oktýabr 2022
👍👍👍
wolf
21 Oktýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.