atakulyyewa_humay
21.10.2022 11:27
Amerikan telekeçileriniň birine
özüniň uly kärhanasynda jogapkärli
wezipäni ýerine ýetirer ýaly işgär gerek bolýar. Ol bu işiň hötdesinden gelip biläýjek adamy tapmak üçin gazetiň üsti bilen şol wezipede işlemek isle-
ýän adamlara sowal bilen ýüzlenmegi makul bilýär. Eger-de, bu sowala kim
göwne jaý jogap berse, şol adamyň
işe kabul ediljekdiginem aýdýar. Onuň
sowaly: “Siz güýçli ýagyş ýagýan
gününde özüňiziň iki adamlyk maşynyňyz bilen gidip barýarsyňyz. Öňüňizdäki duralgada üç adam — garry
ýaşuly, sizi ölümden halas eden lukman,
siziň köpden bäri tanyşmak isläp ýören
gyzyňyz dur. Siz bu üç adamdan diňe
birini ulagyňyza mündürip, halas edip
bilýärsiňiz. Siz kimi halas edersiňiz?”.
Diňe bir adam bu sowala göwnejaý
jogap berip, işe kabul edilmegini gazanypdyr. Onuň jogaby: “Men öz ulagymyň açaryny lukmana berip, ýaşulyny gapdalyna mündürerin. Meni halas eden lukman ýaşulynam sag-aman
elter. Özüm bolsa, hem-ä gyza ýoldaş
bolaryn, hemem gyz bilen tanyşlyk
açaryn. Şeýdip üç adamyň hem göwnüni götererin” diýip jogap beripdir.
20
190
atakulyyewa_humay
21 Oktýabr 2022
Maýa06,wolf,gozelka,HangeldiAmanberdiýew,SerdarMyradov, hemmänize köp köp sağ boluňlar 🤗

Maýa06,Salam Maýa gowmysynyz 🙋
SerdarMyradov
21 Oktýabr 2022
like👍👍👍
HangeldiAmanberdiýew
21 Oktýabr 2022
Akylly hem yerlikli jogap beripdir 👍👍
Myhman Myhman
21 Oktýabr 2022
Lukman gözeli halas ederdim menä 😒
ideallider
21 Oktýabr 2022
Käte jogap bermekden saklanyp, ýagdaýa başga göz-bilen seretmeli. Fantaziýa goşmakdan gorkmalydäl👍
gozelka
21 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
wolf
21 Oktýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Maýa06
21 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻

Salam Humaý 🙋🏻‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.