Hoşlaşyk sözüni aýtman gaýtdym,
Söz nämä gerekmiş aýrylmak üçin,
Aslynda,söz
Ulanylýar
Bialaç
Düşünşip bolmasa aýdylmak üçin.
...
Owadan söz bilen hoşlaşylmaýar,
Gülkünç bagt dilemek galdyryp gamda.
Men saňa bir sözem aýtman gaýtdym,
Emma sen bar zada düşündiň şonda.
Aşyr Hanow