Akmaýanyň ýolunyň takyk massasy
Alymlar tarapyndan geçirilen barlaglara görä, Akmaýanyň ýolunyň massasynyň täze gymmaty öňki hasabynyň ýarysyna deň boldy. Galaktikanyň massasy Günüň massasyndan bary-ýogy 550 milliard esse köp. Bu barada iňlis ylmy žurnalynda, astronomiýa jemgyýetiniň aýlyk sanawynda çap edildi.
Hytaýyň Sanksiýa we Sýaotong uniwersitetleriniň, Hytaý Ylymlar akademiýasynyň milli astronomiýa obserwatoriýasynyň we Awstraliýadaky Swinburne Tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary galaktikanyň massasy barada köne maglumatlara täze düzediş girizdiler. Bilermenler ozal Akmaýanyň ýolunyň Günden takmynan 1 trillion esse agyrdygyny çaklaýardylar. Öz gezeginde Günüň massasy ýyldyzlaryň massasyny ölçemegiň birligi bolup, tutuş Gün ulgamynyň massasynyň 99,86% -ini düzýär.
Sýu Sýanýan: «Täze gözleg nusgamyz diňe bir san we göwrüm taýdan uly bolman, eýsem, Akmaýanyň ýolundaky her ýyldyzyň 3D pozisiýasyny we 3D tizligini we metallygyny hem öz içine alýar» diýip belledi.