AýgülÝazweliýewa
19.10.2022 01:30
Ynsan ýaşaýşy hemişe-de syýahat-sergezdançylyk. Biz
sallançakdan mazara çenli sapar edýäris. Öňümizde ýedi
sany aýry-aýry basgançak, ýedi mertebe uzap ýatyr.
Bilýänler güzergähdäki her menzile bir at beripdirler.
Nebsimiz şol basgançaklary ýekän-ýekän geçmezden,
özüni üýtgeşikdirin öýtmekden ýüz öwürmezden
syýahatyny soňlap, Hak bilen bitewüleşip bilmez. Ynsan
ýalandadyr, zyýandadyr, şübhe içindedir. Ol ýedi
basgançagy-da geçmezden, hakykata ýetip bilmez.
Ilkinji mertebäniň ady Nebs-i Emmaredir. Bu gödeňsi,
gögele we hemişe özgeleri günäkärleýän mertebedir.
Haýp ýeri, adamlaryň köpüsi ömürboýy şu basgançakda
galýarlar. Onuň basmaryndan halas bolup bilmeýärler.
Dünýewi işlerden başga zat hakynda pikir edip bilmeýän,
pula-baýlyga, häkimiýete tamakin, gabarylyp ýören
«menlik» şübhesi bilen ýaşaýan adam şu
basgançakdadyr. Bu ýerde düşlän kişini dessine tanap
bilersiň. Hemişe özgeleri ýazgarar, günäkärlär, tankyt
eder; edil dem alşynyň tebigy bolşy ýaly, onuň myş-myşlara gulak gabardyp, kesekä töhmet atmasam
şeýledir; özünde jinnek ýaly-da köst bardyr öýtmez;
başgalary aýyplar; şübhe, müňkürlik hem ulumsylyk
yklymynda ýaşar. Olary özüňem bilýänsiň. Özüňden çen
tutsaňam tanarsyň. Sebäbi eger biz adam bolýan bolsak
we özümizem çig süýt emen bolsak, onda biziň Nebs-i
Emmaräniň alyna aldanmadygymyz ýokdur. Esasy zat şol
çukurdan çalt çykyp bilmekdir.Ol adam haçan nebsiniň kemçiliklerini, ýetmezçiligini,
ýalňyşlyklaryny saýgaryp bilse we düzetmegiň ugruna
çyksa, ynha, şol wagt onuň ruhy syýahata çykar. Şondan
soň gözlerini daş-töweregine aýlamaz-da, öz içine garar.
Şeýde-şeýde, ädim-ädim ýol söküp, indiki mertebä ýeter.
Bu mertebe, bir tarapdan, özünden öňkiniň bütinleý
tersinedir. Bu ýerde adam özgeleri günäkärlemäge derek,
hemişe özüni ýazgarmak bilen bolar. Bolup geçen her bir
işi jikme-jik öwrenip, özüni köteklär. «Älem görkana, men
betnyşan» basgançagydyr bi. Ynha, şu mertebede nebis
Nebs-i Lewwame, ýagny Günäkärlenýän ýa-da
Ýazgarylýan nebse öwrüler.Üçünji mertebede ol kişi hasam bişer, Nebs-i Mülhimä
ýeter. Bu basgançakda ynsan nebsi Ylham alýan nebse
öwrülýäni üçin, ol kişi dünýäde görýän ähli zadyndan we
her bir kişisinden ylham öwüsginini alar. Kaýyllyk
diýilýän halyň näderejedäki erkanalykdygyny aňşyrar,
sähelçe-de bolsa onuň tagamyny duýup başlar. Nesibesiçekse, Ylym şährine gadam goýar. Wagtal-wagtal kabz,
ýagny darykma we gahar döretse-de, köplenç halatda
bast, ýagny giňlik, erkanalyk hem rahatlyk getirýändigi
üçin, bu mertebe kalbyňa hoşwagtlyk berip biljek
derejede gözeldir. Ýöne şol bir wagtda onuň
özüneçekijiligi örän uly howpdur. Çünki bu mertebä
ulaşanlaryň köpüsi bu ýerden çykmak islemeýärler. Olar
ýoluň ahyryna gelendirin öýdýärler. Ýöne ýol welin, has
uzak hem agyrdyr.Bu mertebe örän maýyl ediji we diýseň owadandyr,
ençeme kişiler mundan aňyrlaryk gitmäge gaýrat tapyp
bilmezler. Şu sebäpli-de üçünji makam jennet baglary
ýaly her näçe nepis bolsa-da, belentlikleri maksat
edinýänler üçin duzakdan başga zat däldir. Bu ýerden
aňryk geçmegi başaran kişi Ylym şährini eýelär we Nefsi Mutmaine mertebesine ulaşar. Indi nebis öňküsi ýaly
däldir, düýpgöter özgerendir. Şu sebäpdenem oňa
Kanagatlanan nebis ady berler. Indi ol kişi örän ýokary
düşünjä eýedir.Gözi doýgun, köňli giňdir. Pul-baýlyk, at-
şöhrat, mal-mülk, wezipe-dereje derdi ýokdur. Özgeler
bilen oňşukly ýaşar, diňe namazlygyň üstünde namaz
kylýarka däl-de, hemişe Hakyň huzuryndadyr, ybadat
ýagdaýyndadyr. Hemişe namazdadyr. Hiç kimiň göwnüne
degmez, kişi hakyny iýmekden berk saklanar we hiç kimiň
köstüni görmez, hatda kem-kösti bolaýsa-da, ony örter.
Malyny we mülküni Malik-ül mülk bolan Alla tabşyrar.Mundan aňyrsy Töwhid şähridir. Soňky üç mertebä
kemal mertebeleri diýilýär. Ol ýere ýetip bilýän ynsan,
hakykatdan hem, gaty azdyr. Onsoňam olar Alla özlerini
haýsy hala salsa-da, bagtyýardyrlar, kaýyldyrlar we
şükürlidirler. Soňky üç mertebäniň ilkinjisinde Nefs-i
Raziýä ýetenden soň, dünýewi meselelere özüni bermez,
aldatdyrmaz.Indiki makam Nefs-i Marziýedir. Bu mertebeden Alla
razy bolany üçin oňa Razy bolnan nebis diýilýär. Bu
ýere ýeten kişi özgelere çelgi, ýolgörkeziji çyraga
öwrüler. Yşygyny kime islese, şoňa tutar. Hakyky kutub,
öçmez şemdan ýaly töweregine ýalkym saçar,
aýdyňladar. Käte şypa hem paýlap biler. Hereketlerinde
öte geçmekden we kem gaýtmakdan gaça durar. Hiç
babatda çendenaşa hereket etmez; tersine aýra düşenleri
duşurar, duşmanlary dost eder, dartgynlylygy ýumşadar.
Şeýle kişi sowuk yklymlarda öwsen mylaýym şemal
kibidir.Ýedinji we ahyrky makamda kişi Nefs-i Kämile ulaşar. Bu
ýerde tapawutlanmagy gowy görýän «menlik» şübhesi
tot-tozana döner, ýok bolar. Ýöne bu makamy bilýän,
bilsede ol barada dil ýaran bolmanlygy üçin, ol ýerden
seredeniňde älemiň nähili görünýändigi barada
maglumatymyz örän çäkli.Ilkinji mertebäniň ady Nebs-i Emmaredir. Bu gödeňsi,

maglumatymyz örän çäkli.

Siz haýsy basgançakda?..
15
193
Tayler
21 Sentýabr 2024
Okamaga ýaltandym, soň okaryn👍
AýgülÝazweliýewa
23 Oktýabr 2022
Myhman Myhman,salam, hawa häzirlikçe talyp:)

1998-nji ýyl. Sizem özüňiz bilen tanyşdyraýyň?!
Myhman Myhman
21 Oktýabr 2022
Aýgül Ýazlyýewa, bagyşlan ýalňyş ýazylypdyr hatlar setiriň haýyrly bolsun diýjek boldym

Aýgül Ýazlyýewa , näçinji ýyl siz profildäki surata talypdyňy bildirip dur
Myhman Myhman
20 Oktýabr 2022
Salam

Gaty govy
AýgülÝazweliýewa
20 Oktýabr 2022
Myhman Myhman, düşünmedim ýazanňyza)
Myhman Myhman
20 Oktýabr 2022
Aýgül Ýazlyýewa , salam gowmy setiriň gaýyrly bolsun
AýgülÝazweliýewa
20 Oktýabr 2022
Myhman Myhman,salam gowy siz gowumy?
Lilia_
19 Oktýabr 2022
🙂🙂👍👍🌹🌹
Myhman Myhman
19 Oktýabr 2022
Salam gowmy
gozelka
19 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.