Käbir sagatlarda ýazylýan «Quartz» sözüniň manysy
Gündelik durmuşymyzda ulanýan goşar sagatlarymyzda ýazylan we käbir adamlaryň marka diýip hasaplaýan «Quartz» manysy, aslynda, biziň bilşimizden has düýpgöter tapawutlanýar. Ine, birnäçe ýyl bäri sagat markasy hasaplanylýan, ýöne başgaça manysy bolan «Quartz» -yň hekaýasy…
Sagat dakynmak häzirki döwürde ýaşaýyş durmuşyň görkezijilerinden biri hasaplanýar. Sagat ulanyjylaryň köpüsi, hemmeleriň diýen ýaly dakynýan sagat markalarynyň aşagynda ýazylan «Quartz» ýazgysy barada ýalňyş pikir ýöredýärler. Marka hasaplanýan «Quartz» sözüniň aslynda sagat markasy bilen hiç hili baglanyşygy ýok.
«QUARTZ» nämäni aňladýar?
Ilkinji «Quartz» sagady 1927-nji ýylda Warren Marrison we J.W Horton tarapyndan oýlanyp tapylýar. Himiki ady kremniniň dioksidi (SiO2) bolan «Quartz», dünýädäki köp gaýalarda we çägelerde duş gelýän birleşmedir. Bu kristal yrgyldadyjy gaty takyk ýygylyk signalyny döredýär. Hut şonuň üçin bu sagatlar mehaniki sagatlara garanyňda azyndan bir dereje has takyk ölçýär.
Düzümindäki kristallar elektrik energiýasy bilen täsirleşende kinetik energiýa, soňra bolsa titremäniň çykmagy bilen elektrik energiýasyna öwrülýändir. Bu energiýanyň kömegi arkaly sanamak wagty öňünden hasaplaýan çip, elektrik energiýasyny kadalaşdyrýar we basgançak hereketlendirijisine iberip, aýlaw hereketini üpjün edýär. «Quartz» sagatlary 7 ýylyň dowamynda birnäçe häsiýetini ýitirýär.
«Quartz» sagadynyň içindäki bölekler:
Batareýa;
Elektrik basgançak;
Mikroçip;
Ähli bölekleri we mikroçipi birleşdirýän zynjyr;
Kwars kristal yrgyldysy;
Sagat sazlaýjy nurbat;
Sagat dişli orta mil.