sh_shamko_
18.10.2022 12:43
Ýene ýekelikde otyryn aglap,
Gussamy gursagma sygdyryp bilmän.
Geçen günlerimi serimde aýlap,
Pelegiň oýnuna galyp men haýran.

Aglamaly boldum munda kän gezek,
Gözde ýaş ýok, parçalandy bu ýürek,
Öňümde ençeme synagly pelek,
Synagdan geçmeli bir alaç edip.

Dogan-jigisiz, ýaşaýşym gaýgysyz,
Atasyz, armansyz, hiçde arzuwsyz,
Durmuşym oýunsyz, belki ýalansyz,
Ýaşap ýörün menem munda ynamsyz.

Her günümde müň şükürli Allaha,
Dileg edip günde bäş wagt namazda,
Ejem ömri köp uzasyn uzaga,
Diňe ejem ýylgyrsa besdir maňa.

Bolsun durmuşymda mydam söýenim,
Arkamda dursun baky şol ynsan,
Onam dilegine gowşur Allahym,
Armanly dünýeden gitmeli etme...

Arman ýok içde, müňde bir şükür,
Durmuş gowy akymyna gidip dur,
Maňa garaşyp dur aňyrda köpler,
Men bärde olaryň hesretin çekip...

Köplere nätanyş, köplere tanyş,
Duýgulam başgaça, geň-taňsy, ajap,
Men söýgümi saňa eýleýip bagyş,
Şu soňky setirme çekdim bir nagyş.
Düzen:Bägül.Ý.M.
30
219
Myhman Myhman
19 Oktýabr 2022
Bravo
Myhman Myhman
19 Oktýabr 2022
👏👍
Myhman Myhman
18 Oktýabr 2022
🤩😍🤩😍🤩😍
🌺E🌺
18 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
butterfly
18 Oktýabr 2022
👍👏🏻
Attractiveboy
18 Oktýabr 2022
Gowy gosgy eken like basdym!
Myhman Myhman
18 Oktýabr 2022
Shamo gowmy dos
Myhman Myhman
18 Oktýabr 2022
Salowmaleýkim agzalar
melek06
18 Oktýabr 2022
shamko,👍🏻
melek06
18 Oktýabr 2022
shamko, bolýa, goyasyn gelse goyay eger islemesen gerek dal
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.